2023-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Darganata etrabynyň 2-nji orta mekdebinde, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Darganata etrap Geňeşi, etrap bilim bölümi bilen bilelikde “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda ýurdumyzda ýaşlar hakynda edilýän aladalar, ýaş nesliň bilimli, hünärli, sagdyn ruhly, berk bedenli bolup ýetişmekleri maksady bilen “Ýaşlar ýurdumyzyň nurana geljegi” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygyny geçirildi. Wagyz-nesihat duşuşygynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň guramaçylyk bölüminiň müdiri Selbi Ahmedowa, şol guramanyň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni Leýla Gylyçmuhammedowa, etrabyň 2-nji orta mekdebiň mugallymy Mähri Babamuradowa dagylar çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýip atlandyrylmagy, bir tarapdan, biziň bagtyýar geljegimizi kemala getirmeli derejä galmagy, başarnykly adamlar bolup ýetişmegi babatda döwletimiziň, Hormatly Prezidentimiziň tagallalary, ilkinji tarapyndan, şol aladalara esasynda gurujy we dörediji, watansöýüji adamlar bolup ýetişýän ýaş nesliň Watanyň we adamzadyň öňündäki borjy üçin edýän yhlaslary bilen bagly. Şu hili yhlas hem ýurdy özgerdiji hünärmenleriň täze nesliň kemala gelmeginiň kepilidir diýip sözlerini jemlediler.
TMÝG-niň Lebap welaýat Geňeşi
ÝAŞLAR ÝURDUMYZYŇ NURANA GELJEGI
25 Ýanwar 2023
5549

Meňzeş habarlar
18 Iýun 2025
| 0 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>
ÇAGA ÝAŞDAN – EDEBI BAŞDAN
17 Iýun 2025
| 294 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>
KÖŇLE ŞYPA, GÖWÜNLERE GANATDYR, BEÝIK ARKADAGLY...
17 Iýun 2025
| 1204 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>