“ARKADAG SERDARLY BAGTYÝAR ÝAŞLAR ÝYLY-BEÝIK YNAM, ULY BUÝSANÇ, MUKADDES BORÇ”

“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýyly Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda ýaşlarymyza bildirilýän uly ynamyñ döwrüdir! Çünki, ýaşlarymyza buýsanç nazary bilen bakylmagynyñ aňyrsynda uly many bar. Sebäbi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Arkadagly Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirmeginde biziň Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyñ her bir ulgamynda uly ösüşler gazanylýar. Muny biz her bir ädimde görýäris, duýýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyñ şeýle göreldesi biz, ýaşlar üçin, nusga alarlyk görelde bolup durýar. Biz şol göreldäni özümize nusga edinip, ýaşlarymyza döwrebap bilim-terbiýe bermekde, ata Watanymyza, halkymyza, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza wepaly ýaşlar, kämil şahsyýetler edip ýetişdirmekde esasy ýol-ýörelge bolup hyzmat edýär.

“Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanuny röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesilleriň eşretli, bolelin durmuşda ýaşamagyna, okamagyna, işlemegine gönükdirilendir. “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy ýaşlar barada edilýän aladanyň uludygynyň nobatdaky subutnamasy boldy. Ýaşlaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmekde, olarda milli gymmatlyklarymyza, medeniýetimize, sungatymyza, edebiýatymyza we halkymyzyň taryhyna söýgi döretmekde, ýaş nesli milli ruhda terbiýelemek bilen bagly geçirilýän wagyz-ündew hem-de aň-bilim işleriniň derejesini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna belent sarpa goýýan, sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýerýän watansöýüji, zähmetsöýer, ylymly-bilimli, baky berkarar döwletimiziň ösüş-özgerişlerine mynasyp goşant goşmaga ukyply ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek bagtyýarlyk döwrümiziň öňde goýýan belent wezipeleridir. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen Milli maksatnamalary, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmak biz ýaşlar üçin mukaddes borçdyr we uly derejedir.

Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň 28-nji ýanwarda geçirilen VIII Gurultaýy hem ýaş nesillerimiz üçin täze mümkinçilikleri açdy. Gurultaýda garalan meseleleriň hatarynda ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny gazanmak, döwrebap bilim almagyny üpjün etmek, olary watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek ýaly möhüm wezipeleriň bolmagy ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet ýaşlar syýasatynyň giň gerime eýedigini tassyklaýar.

Goý, türkmen halkyny, şol sanda bagtyýar ýaşlary abadan, eşretli durmuşyň eýesi eden hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik bolsun! Il-ýurt bähbitli beýik tutumlary mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

 

Ananýaz SAPAÝEWA,

TMÝG-niň Balkanabat şäher Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň  esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR