«2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi bagtyýar raýatlarymyzyň ýürek arzuwynyň, köňül isleginiň hasyl bolmagydyr. Eziz Diýarymyzda amala aşyrylýan beýik işler halkymyzyň şu gününiň eşretli bolşy ýaly, ertirleriniňem nurana boljakdygyna ynamy artdyrýar. Bu belent ynam bizi durmuşda, zähmetde, döredijilikde täze üstünliklere ruhlandyrýar. Ýurdumyzda biz — ýaşlar barada amala aşyrylýan köpugurly işler Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymatynyň, hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesiniň rowaçlyklara beslenýändiginiň guwandyryjy subutnamalarydyr. Bizi eşretli, bagtyýar döwre eýe eden Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň beýik maksatlara beslenen ak ýolunyň dowamat dowam bolmagy agzybir türkmen halkynyň ýürek arzuwydyr. Hormatly Prezidentimiz türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirýär, öz çykyşlarynda ata-babalarymyzyň şöhratly ýoluny dowam etdirmekde, Watanymyzyň bagtyýar geljegini berkarar etmekde ýaşlaryň güýjüne daýanylýandygyny aýratyn nygtaýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň” şu günki bagtyýar gününde biz ýaşlar üçin taryhy waka bolup geçdi. Ýagny TMÝG-niň VIII gurultaýy geçirildi. Şu Gurultaýda ýaşlaryň durmuşyna, geljegine täsir etjek işler amala aşyryldy. Guramanyň Tertipnamasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Tertipnamanyň maksatlary, wezipeleri, ýörelgeleri hem-de esasy ugurlary has-da giňeldildi. Bu Gurultaý biz ýaşlar üçin agzybirligiň, hoş habarlaryň baýramy boldy, ýaşlaryň toýy boldy. Şu gurultaýdan gelip çykýan wezipeleri, maksatnamalary durmuşa geçirmekde ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat etmekde biz hem ýaşlar guramasynyň işgärleri, hem-de işjeň agzalary bilen agzybirlikde uly ähmiýetli işleri durmuşa geçireris.
Şu pursatdan peýdalanyp, biz ýaşlaryň howandary Milli Liderimiz-Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, ähli alyp barýan döwletimiz ähmiýetli, halkymyz bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!
Gözel SAPARMÄMMEDOWA,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň
guramaçylyk bölümini müdiri.