Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işgärleri we işjeň agzalary Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň sahnasynda görkezilen “Amul-Hazar arasy” atly sahna oýnyna tomaşa etdiler

“Medeniýet halkyň kalbydyr” diýýän Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda medeniýet ulgamynda hem uly öňegidişlikler gazanylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Bagtyýar halkymyzyň aýratyn hem ýaşlaryň döredijilikli halal zähmet çekmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy bilen bir hatarda olaryň boş wagtlarynyň gyzykly, täsirli geçmegi ugrunda hem birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň biri bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy hem bu ugurda alnyp barylýan işlere mynasyp goşant goşýarlar.

Paýtagtymyzdaky Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň sahnasynda görkezilen “Amul-Hazar arasy” atly sahna oýnyna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalarynyň tomaşa etmeklerini guramaklary, Guramanyň ýaşlaryň wagtlaryny gyzykly geçirmekleri bilen bir hatarda olaryň milli medeniýetimiz bilen içgin tanyşmaklary, ýaş nesilleriň watançylyk ruhunda terbiýelenmegi ugrunda öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli alnyp barylýandygyna şaýatlyk edýär.

Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzybir işgärleriniň hem-de işjeň agzalarynyň tomaşa eden “Amul-Hazar arasy” atly ajaýyp sahnasy Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Hormatly il Ýaşulusy, halkyň Arkadagy, Türkmen halkynyň Milli lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmeniň şanly taryhyndan söz açýan “Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” ajaýyp eseriniň täsiri astynda ýazyldy. Eserde türkmeniň geçmişinde yz galdyran Parowbibi, Soltan Sanjar, Daýahaty hakynda il içine ýaýran wakalar, tymsallar, hekaýatlar oýnuň agramly bölegini tutýar.

Milli Liderimiziň ajaýyp eserlerinden ruhlanyp ýazylan bu oýun bäş bölümden ybarat bolup, gadymy ýüpek ýolunyň ugrunda , däli Jeýhundan goja Hazara çenli aralykda bolup geçen wakalaryň käbirini, şahyryň pelsepe äheňli oýlanmalaryny, türkmeniň Watanyna, il-gününe bolan söýgüsini wasp edýän bu eser tomaşaçy ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Eserde aşyk bolan soltanyň, ahlak päkligini eziz janyndan belent saýan zenanyň, il-gününiň aman galmagy üçin synasyndan geçen mergenleriň, Watan üçin janyny orta goýan ýigitleriň keşbi örboýuna galýar.

Eserde türkmeniň taryhynda yz galdyran Soltan Sanjar, Parawbibi, Daýahaty ýaly şahsyýetler baradaky rowaýatlardan, Amul, Merw, Köneürgenç, Abuwerd, Dehistan illerinde bolup geçen wakalar eriş argaç bolup geçýär. Ajaýyp rowaýatlaryň, tymsallaryň, taryhy wakalaryň üsti bilen watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, asudalygy wasp edýän bu sahna oýny Milli Liderimiziň “Öňe, diňe öňe jan Watanym Türkmenistan” diýen göwün göteriji aýdymy bilen jemlenýär.

Beýleki tomaşaçylar bilen bir hatarda, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalarynda hem, bu sahna oýny uly täsir galdyryp, ýatdan çykmajak pursatlary peşgeş etdi.

Sahna oýnuna tomaşa edenler milli medeniýetimiz bilen içgin gyzyklanyp, öz wagtyňy täsirli geçirmäge ähli amatly şertleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň adyna tüýs ýürekden çykýan  alkyşly sözlerini beýan etdiler.

Gülälek Baýramalyýewa

TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Medeniýet we köpçülikleýin habar

beriş bölüminiň baş hünärmeni

Meňzeş habarlar

19 Sentýabr 2025 | 54 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

16 Sentýabr 2025 | 141 okalan

GARAŞSYZLYK BAÝRAMY MYNASYBETLI AÝDYM-SAZLY...