Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kaka etrap Geňeşi tarapyndan etrabyň çäginde ýerleşýän Abiwerd galasyna syýahat guraldy. Edara–kärhanalarda işleýän işjeň ýaşlar üçin guralan bu syýahatyň esasy maksady olaryň şan–şöhratly taryhymyza bolan buýsanjyny artdyrmakdan, ýaşlaryň watançylyk duýgusyny ösdürmekden ybarat boldy.
“Abiwerd ” taryhy –medeni döwlet goraghanasynyň ýolbaşçysy Ahmet Halmyradow ýaşlara etrabyň çäginde ýerleşýän gadymy ýadygärlikler barada gyzykly gürrüň berdi . Ady taryha siňen Nusaýyň we Merwiň aralygynda ýerleşýän Abiwerdiň döreýiş taryhy, ondan tapylan tapyndylar, şol döwrüň adamlarynyň meşgullanýan kärleri, oba hojalyk işlerinde ulanan gurallary, galany goraýjylaryň söweş tilsimleriň dogrusyndaky gürrüňler syýahaty gatnaşyjylarda uly täsirleri galdyrdy.
Ahmet aganyň “Abiwerd” taryhy –medeni döwlet goraghanasyndaky taryhy ýadygärlikleri öwrenmek, goramak we rejelemek babatynda alnyp barylýar işler hakda gürrüňleri ýaşlarda uly gyzyklanma döretdi.
Azat HALMYRADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Kaka etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.