TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ GIŇIŞLEÝIN GÖÇME MEJLISI

3-nji fewralda goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan 2022-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, olaryň işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleler girizildi.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, 2022-nji ýylda ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem geçirilen harby-taktiki okuw türgenleşikleri, Milli goşunyň bölümlerini iň täze serişdeler bilen üpjün etmegiň barşy, serkerdeleriň, esgerleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylan işler barada habar berildi. Hasabatda durmuş ugurly meseleleri çözmek boýunça ýerine ýetirilen anyk işler, Ýaragly Güýçleriň düzüminden nobatdaky gezek ätiýaçlyga ugratmak hem-de Türkmenistanyň raýatlaryny harby gulluga çagyrmak boýunça her ýylda geçirilýän meýilnamalaýyn işleriň netijeleri barada aýratyn bellenildi. Şeýle hem ýokary hünär derejeli harby işgärleri taýýarlamak, sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň beren tabşyryklarynyň degişli düzümler tarapyndan ýerine ýetirilişi barada aýdyldy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň çäklerinde durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleriň möhüm ugurlarynyň biriniň bu düzümiň işini döwrüň anyk ýagdaýlaryna görä guramakdan ybaratdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl üçin iş meýilnamalaryna Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň, goranmak ministriniň ünsi çekildi. Goşunlaryň ähli görnüşleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek esasy talaplaryň hatarynda durýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de degişli maksatnamany üstünlikli durmuşa geçirmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy. Milli goşunyň ähli bölümlerinde düzgün-tertibiň yzygiderli berjaý edilmegine gözegçiligi üpjün etmegiň möhümdigi aýratyn nygtaldy.

Soňra Baş prokuror S.Mälikgulyýew 2022-nji ýylda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Kanunlaryň gyşarnyksyz berjaý edilişine gözegçilik etmek bu işiň esasy ugrudyr. Şeýle hem prokuratura edaralaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça görlen çäreler, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň tabşyrygy boýunça geçirilen barlaglaryň netijeleri barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, prokuratura edaralarynyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramagyň, öňdebaryjy tejribäni we sanly ulgamy ornaşdyrmagyň wajypdygyny belledi. Beýleki harby we hukuk goraýjy edaralar bilen bilelikde durmuşa geçirilýän çäreler hukuk düzgün-tertibiniň berkidilmegine, hukuk düzgün bozulmalarynyň öňüni almaga we jenaýatçylyga garşy göreşmäge gönükdirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hereket edýän kanunlaryň we Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň takyk ýerine ýetirilmegine gözegçiligi amala aşyrmak zerurdyr diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Baş prokurora bu meseläni gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Işgärleriň hünär derejesini yzygiderli esasda ýokarlandyrmak möhüm wezipeleriň hatarynda görkezildi.

Soňra içeri işler ministri M.Hydyrow ýurdumyzda jemgyýetçilik düzgün-tertibini üpjün etmegiň we hukuk bozulmalarynyň öňüni almagyň, jenaýatçylyga garşy hereket etmegiň, ýangyn howpsuzlygynyň we ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmegiň çäklerinde geçen ýylda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Iň täze tehnikalar bilen üpjün etmegiň, sanly ulgamy işjeň ornaşdyrmagyň hasabyna ministrligiň bölümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň barşy hasabatyň aýratyn meselesi boldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, içeri işler edaralarynda jenaýatçylyga eltýän ýagdaýlary düýpli seljermegiň, olary emele getirýän sebäpleri we şertleri ýüze çykarmagyň, öz wagtynda aradan aýyrmagyň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, degişli edaralar bilen utgaşykly işlemek arkaly bu ugurda öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin degişli çäreleri görmek tabşyryldy. Bu edaranyň bölümlerini häzirki zaman tehniki serişdeleri bilen gaýtadan enjamlaşdyrmak we sanlylaşdyrmak geljek döwür üçin alnyp barylmaly işleriň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Içeri işler edaralaryny ösdürmegiň Maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmäge aýratyn üns berilmelidir diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy ýangyn howpsuzlygy we ýol gözegçiligi gulluklarynyň talabalaýyk işini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ýokary kazyýetiň başlygy G.Ussanepesow ýolbaşçylyk edýän düzümleri tarapyndan 2022-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri, kazyýet ulgamyny ösdürmegiň Maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen durmuşa geçirilen çäreler, işde öňdebaryjy tehnologiýalaryň ulanylyşy, maddy-enjamlaýyn binýadyň we işgärler bilen üpjünçiligiň berkidilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisi dowam edip, G.Ussanepesowy, başga işe geçmegi sebäpli, Ýokary kazyýetiň başlygy wezipesinden boşatmak hakynda Permana gol çekdi. Döwlet Baştutanymyz B.Hojamgulyýewi Aşgabat şäher kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşadyp, ony Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy wezipesine belledi.

Ýokary kazyýetiň başlygy harby kasama wepalylygyň nyşany hökmünde Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna tagzym edip, halkymyza, Watanymyza, hormatly Prezidentimize ygrarlylyk barada dabaraly kasam etdi.

Döwlet Baştutanymyz oňa işinde üstünlik arzuw edip, öňde durýan ilkinji nobatdaky wezipelere ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, kazylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, hukuk çözgütlerini kabul etmegiň häzirki zaman tejribelerini işjeň öwrenmek gerek. Şunda sanly ulgamyň ornaşdyrylyşyny işjeňleşdirmek möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz Ýokary kazyýetiň başlygyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

M.Söýünow, başga işe geçmegi sebäpli, Ýokary kazyýetiň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy T.Hudaýnazarowy Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşadyp, ony Ýokary kazyýetiň başlygynyň orunbasary wezipesine belledi. Şeýle-de, başga işe geçmegi sebäpli, Ö.Muhammedow Ýokary kazyýetiň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu wezipä G.Hudaýberdiýewi belledi we ony Mary welaýat kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşatdy.

Mejlisiň barşynda degişli Permanlara gol çekildi.

Soňra milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew ýolbaşçylyk edýän edarasynyň 2022-nji ýylda alyp baran işleriniň netijeleri hem-de ýurdumyzda parahatçylygy we asudalygy üpjün etmek boýunça görlen anyk çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de ministrligiň bölümlerinde sanly ulgamyň, häzirki zaman tehniki serişdeleriniň ulanylyşy we edaranyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi dowam edip, başga işe geçmegi sebäpli, G.Annaýewi milli howpsuzlyk ministri wezipesinden boşadyp, degişli Permana gol çekdi.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew ýolbaşçylyk edýän goşun bölümleriniň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin ýurdumyzyň serhet goşunlaryny ösdürmegiň Maksatnamasyny berjaý etmegiň çäklerinde geçen ýyl alnyp barlan işleriň netijeleri, serhet bölümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hem-de Watan goragçylary üçin talabalaýyk gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek babatda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň tabşyrygy boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň serhediniň goňşy we beýleki döwletler bilen dostlukly gatnaşyklaryň daýanjy bolmalydygyny, ýurduň içeri we daşary syýasatynyň dabaralanýandygynyň nyşanyna öwrülmelidigini belledi. Bu düzümiň bölümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak meselelerini, degişli Maksatnamada kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli çözülmegini hemişe üns merkezinde saklamagyň zerurdygy aýratyn nygtaldy.

Döwlet Baştutanymyz harby gullukçylaryň söweşjeň, beden, syýasy we ruhy-ahlak taýýarlygynyň derejesini ýokarlandyrmagyň möhümdigi barada aýdyp, düzümiň işgärler bilen üpjünçiligini pugtalandyrmalydygyny, sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmalydygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, gullugyň ýolbaşçysyna anyk görkezmeler berildi.

Soňra adalat ministri M.Taganow milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça geçen ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem ilata hukuk kömegini bermek, türkmenistanlylaryň hukuk taýdan sowatlylygyny artdyrmak boýunça durmuşa geçirilen çäreler barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, adalat edaralarynyň işgärleriniň öňünde milli kadalaşdyryjy hukuk namalaryny halkara hukugyň kadalaryna laýyk getirmek, hukuk maglumatlaryny döwletara derejede alyşmak üçin sanly ulgamy ulanmak ýaly wajyp wezipeleriň goýlandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, kanunçylyk işiniň dünýä tejribesini öwrenmek hem-de umumy kabul edilen kadalary ýurdumyzyň kanunçylygyna laýyk getirmek boýunça teklipleri taýýarlamak möhümdir diýip, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy aýtdy. Şunda düzümiň işini has-da kämilleşdirmegiň wajypdygy bellenildi. Döwlet Baştutanymyz halkara hukuk ulgamynda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagy ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitläp, Adalat ministrliginiň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew geçen ýylda ýerine ýetirilen işler hem-de üstaşyr geçýän ýüklere gözegçiligi amala aşyrmakda döwrüň talaplaryna laýyklykda, häzirki zaman usullary, iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň barşy barada hasabat berdi. Gullugyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, daşary ýurtlaryň ugurdaş düzümleriniň hem-de ýöriteleşdirilen halkara institutlaryň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek boýunça guralan çäreler barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, talabalaýyk gümrük gözegçiliginiň guralmagyna, harytlaryň serhetden bikanun geçirilmeginiň öňüni almaga, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň möçberini azaltmaga we eksportyň möçberini ýokarlandyrmaga gönükdirilen daşary ykdysady işi gümrük taýdan düzgünleşdirmek boýunça çäreleriň görülmelidigine aýratyn ünsi çekdi. Bu ulgamda häzirki zaman maglumat tehnologiýalarynyň giňden ulanylmagy alnyp barylýan işleriň aýrylmaz düzüm bölegidir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe tabşyryklary berdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy gümrük edaralaryny ösdürmegiň Maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň möhümdigi barada aýdyp, bu işleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin degişli çäreleri görmegi tabşyrdy. Şeýle-de edaranyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň zerurdygy nygtaldy.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy N.Atagaraýew 2022-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri, bu düzümi ösdürmegiň Maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, işgärleriň netijeli gullugy üçin şertleri döretmek maksady bilen amala aşyrylan çäreler barada hasabat berdi. Sanly ulgamy ornaşdyrmagyň hasabyna gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň barşy barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, N.Atagaraýewi, işde toplan tejribesini göz öňünde tutup, milli howpsuzlyk ministri wezipesine belledi we ony Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy wezipesinden boşatdy.

Milli howpsuzlyk ministrliginiň täze ýolbaşçysy harby kasama, Watana hemişelik wepalylygyň we halkymyzyň parahat we döredijilikli durmuşynyň goragynda jan aýaman durmaga taýýarlygyň nyşany hökmünde Watanymyzyň mukaddes Döwlet baýdagyna tagzym etdi.

Döwlet Baştutanymyz oňa işinde üstünlikleri arzuw edip, ýurdumyzda jemgyýetçilik-hukuk tertibiniň berk berjaý edilişini üpjün etmek, Milli howpsuzlyk ministrliginiň işine innowasion tehnologiýalary we sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen bagly meselelere aýratyn üns çekdi. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz işgärler bilen üpjünçiligiň pugtalandyrylmalydygyny aýdyp, Milli howpsuzlyk ministrliginiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy B.Wolsahatowy Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy wezipesine belledi.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy halkymyza, Watanymyza, hormatly Prezidentimize dabaraly kasam edip, harby kasama hem-de Watana ygrarlylygyň, halkymyzyň abadançylygynyň we döredijilikli durmuşynyň bähbidine jan aýaman gulluk etmäge taýýardygynyň nyşany hökmünde Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna tagzym etdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy edaranyň täze ýolbaşçysyna işinde üstünlikleri arzuw edip, gullugyň utgaşykly işlemeginiň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegine, umuman, ýurdumyzyň dünýä derejesindäki abraýynyň pugtalanmagyna ýardam edýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bu edaranyň işgärleriniň öz borçlaryny ýerine ýetirenlerinde, ýokary hünär ussatlyklaryny we jogapkärçiliklerini görkezmekleriniň zerurdygyny nygtap, şu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Soňra degişli resminamalara gol çekildi.

Soňra çykyş eden Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna laýyklykda, ýurdumyzyň Mejlisiniň karary esasynda, goşun generaly diýen harby adyň dakylmagy bilen harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzüminiň hem-de işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden gutlap, Watan goragçylarynyň eziz Diýarymyza, mähriban halkymyza, hormatly Prezidentimize wepaly bolmak bilen, mundan beýläk-de jan aýaman gulluk etjekdiklerine ynandyrdy.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowa goşun generaly diýen harby at baradaky nyşan dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany ýokary depginler bilen ösdürmek üçin öňümizde örän uly maksatlaryň durýandygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, Watanymyzyň asudalygyny we howpsuzlygyny, durmuş-ykdysady taýdan ösüşini üpjün etmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, bütin dünýäde parahatçylygy, özara ynanyşmagy has-da berkitmek biziň esasy maksatlarymyz bolup durýar. Goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň talaplaryna laýyklykda, milli Ýaragly Güýçlerimiziň hem-de beýleki harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, harby gullukçylaryň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak bilen bagly çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hökmünde goşun generaly diýen harby adyň dakylmagy meni eziz Watanymyzyň goranmak kuwwatyny berkitmekde, ýurdumyzda asudalygy we parahatçylygy üpjün etmekde, halkymyzyň bagtyýarlygy, eşretli durmuşy ugrunda mundan beýläk-de yhlas bilen zähmet çekmäge borçly edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy hem-de merdana halkymyz bilen agzybirlikde we jebislikde öňde goýlan belent maksatlara doly ýetiljekdigine berk ynam bildirdi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, hemmelere berk jan saglyk, abadançylyk, halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.