Ýaşlar ýurduň geljeginiň berk binýadydyr. Ýaşlar — ata Watanymyzyň ýagty geljeginiň eýeleridir. Ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi, saglygy, saýlan hünärine eýe bolup, mynasyp derejede bilim-terbiýe almagy, ylym we döredijilik bilen meşgullanmagy, saýlap alan sportuň görnüşi boýunça ýokary ussatlyga ýetmegi –munuň özi Arkadagly Serdarymyzyň öňde goýan baş wezipeleridir, atalyk aladalarydyr. Häzirki wagtda türkmen ýaşlary okamak, döretmek, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda yhlasly zähmet çekmek bilen, ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar.
Ýurdumyzda ýaşlaryň ählitaraplaýyn ösmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Munuň özi, ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyklykda ylym-bilim almagyna, hünär öwrenmegine, sagdyn nesiller bolup ýetişmegine we özleriniň ýagty geljegini gurmaklaryna mümkinçilik berýär. Şeýle ajaýyp şertlerden ruhlanýan türkmen ýaşlary döredijilik we zähmet äleminde ýokary netijeleri gazanyp, hemmetaraplaýyn kämilleşýärler. Ine, 28-nji ýanwarda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII Gurultaýynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi biz — ýaşlaryň buýsanjyny has-da artdyrdy. Bu forum paýtagtymyzyň gözel görküne görk goşýan “Mekan” köşgünde geçirildi. Forumy ýaşlaryň toýy diýsek, öte geçdigimiz bolmaz. Çünki bu forum ýurdumyzyň paýtagtyndan we welaýatlardan jemlenen wekilleri bir supra jemledi. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň belleýşi ýaly, “Bir suprada taýýar kylynsa aşlar, göteriler ol ykbaly Türkmeniň”. Hakykatdanam, Gurultaýda ýaşlar syýasatynyň öňde durýan wezipeleri dogrusynda pikir alşyldy, buýsançly çykyşlara uly orun berildi. Onuň çäklerinde iň öňdebaryjy ýaşlara Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň şa serpaýlarynyň hem-de Ýaşlar guramasynyň gymmat bahaly sowgatlarynyň gowşurylmagy, Gurultaýyň yzysüre ýaşlar üçin ýörite döwlet derejesindäki konsertiň geçirilmegi, turuwbaşdan döwletimiziň ýaşlara berýän ünsüniň iňňän ýokarydygyny bütin aýdyňlygy bilen görkezdi. Konsertde ýaş sungat ussatlary ullakan sahnada özleriniň ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini görkezdiler we bagtyýar zamanany, Watanymyzyň şanly ösüşlerini wasp edýän aýdymlary örän ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Munuň özi, geljekki türkmen sungatynyň parlak ýyldyzlarynyň kemala gelýändigini aýdyň tassyk edýär.
Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Serdarymyzy, mähriban halkymyzy şöhratly senelere baý bolan “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň gazanan üstünlikleri hem-de 2023-nji – “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Türkmen halkynyň Milli Lideri – Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletimiziň we halkymyzyň bähbidine alyp barýan işleri rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!
Gözel KUŞMEKOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Köneürgenç etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunça hünärmeni.