ÝAŞLAR ÝAGTY GELJEGIMIZ

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşi hem-de Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebi bilen bilelikde gurnamagynda 28-nji ýanwarda paýtagtymyzyň “Mekan” köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýynyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli Ýaşlar ýagty geljegimiz” atly şygar astynda aýdym-sazly dabaraly maslahat duşuşygy geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň täze taryhy döwürde Ýaşlar  guramasynyň işine uly ähmiýet berýär. Ýaş nesil watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň ýokary hilli bilim almagy, döredijilik we sport bilen meşgullanmagy, ukyp-başarnyklaryny doly ýüze çykarmagy üçin ähli şertleri döretmek, ýaşlarda raýat jogapkärçiligini we zähmete söýgini ösdürmek, ýaşlaryň şahsy-jemgyýetçilik başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek, ýaşlarmyzda öz hukugyny goramak başarnygyny ýokarlandyryp, olaryň jemgyýetçilik birleşmelerine işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek Ýaşlar guramasynyň öňünde duran esasy wezipeler hökmünde kesgitlenildi. “Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujular hökmünde garaýarys, olar jemgyýetiniň iň işjeň bölegidir” diýip ýaşlara uly ynam bildirýän, ýurdumyzy bedew bady bilen röwşen geljege alyp barýan Arkadagly Serdarymyza,türkmen ýaşlarna durmuşda ýol-ýörelge bolýan,parasatly öwüt-nesihatlaryny berýän Milli Liderimize tüýs ýürekden alkyş aýdyldy.

Güläýym Aşyryowa,

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň

Berkararlyk etrap Geňeşiniň

Esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar