Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň ynsanperwer ýörelgelerine berk eýermek bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň asudalyga, ösüşlere, üstünliklere beslenen rowana ak ýollarynda röwşen geljegine tarap okgunly hem-de ynamly öňe barýan Türkmenistan Watanymyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli, oýlanşykly, öňdengörüjilikli döwletli tutumlary buýsanç bilen synlanyňda, bir mizemez hakykaty, ýagny agzybir halkymyzyň hormatly Prezidentimiziň gujur-gaýraty, zehin başarnygy arkaly asyrlar boýy eden arzuwlaryna, belent sepgitlerine ýetýändigini ýene bir ýola tüýs ýürekden nygtasym gelýär. Sebäbi hut şu mizemez hakykat Arkadagly Serdarymyzyň röwşen geljegimizi üpjün etmek maksady bilen badalgalar berýän giň gerimli özgertmeleriniň, öňe sürýän her bir oýlanşykly başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenmegi üçin ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlarynyň çekýän döredijilikli, yhlasly zähmetlerinde, ruhubelentliginde, agzybirliginde mynasyp beýanyny tapýar. Ýaňy ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýynda hem ýaşlaryň durmuşynda ykbal özgerdiji wakalara baý boldy diýsek hakykatdan daş düşmeris. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň” eýsem ýylyň başyndan jemgyýetçilik esasy wakalara baý bolmagy bu ýylyň ýyllaryň ýadynda, asyrlaryň aňynda, heňňamlaryň heňinde galjak ýyllaryň biri bolup taryha ýazyljakdygyny subut etýär. Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän her bir başlangyçlarynyň, badalgalar berýän tutumlarynyň dessine merdana halkymyzyň goldawlary, dünýä jemgyýetçiliginiň uly gyzyklanmasyna eýe bolmagynyň düýp sebäpleriniň birem ajaýyp arzuwlarynyň hakyky iş ýüzündäki beýany bolup durýanlygydyr. Ýeri gelende ýene bir zady nygtamak gerek, Arkadagly Serdarymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň öňde goýýan maksatlaryny hem-de wezipelerini syýasy, ykdysady, durmuş hem-de medeni taýdan biri-birine jebis baglanyşyklylykda kesgitleýär. Muny hormatly Prezidentimiziň ata Watanymyzyň ösen döwletleriň hataryndaky mynasyp ornuny has-da pugtalandyryp, halkymyzyň medeni-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak babatdaky tagallalarynyň netijeliligini üpjün edýän esasy aýratynlyklarynyň biri hökmünde görkezmek bolar.
Şol bir wagtda, Arkadagly Serdarymyzyň döwrüň öňde goýýan wezipe-borçlarynyň, öňe çykarýan islendik meseleleriniň oňyn çözgütlerini halkymyzyň tagallalaryny, gujur-gaýratyny, döredijilikli zähmetini, giň mümkinçiliklerini kuwwatly güýje öwürmek arkaly tapyp boljakdygyny aýratyn nygtamak bilen, “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ynsanperwer ýörelgä berk eýerýär. Şonuň üçin Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň giň gerimli medeni-durmuş, ykdysady özgertmelerinde kesgitlenen, köptaraply mümkinçiliklerimize, ylmy esaslandyrmalara berk daýanýan anyk tutumlary amala aşyrmakda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler milli guwanjymyza, buýsanjymyza, ajaýyp zamanamyzyň möhüm aýratynlygyna hem-de bezegine öwrülýär.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini, halkymyzyň ruhy-medeni galkynyşyny üpjün edýän giň gerimli özgertmeleri özüniň oýlanşyklydygy, anyk mümkinçiliklere eýedigi, toplumlaýyndygy bilen haýran galdyrýar. Munuň özi dünýä jemgyýetçiliginiň uly gyzyklanmalaryna eýe bolýan şol özgertmeleriň, taryhy tutumlaryň durmuşa ukyplylygyny üpjün edýär. Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, ulgamlarynda, şäherleriň, etrap merkezleriniň, şäherçelerdir obalarynyň binagärlik keşbini döwrebaplaşdyrmakda, döwrebap şäherçelerdir obalary gurmakda, sanly ykdysadyýete, sanly bilime geçmekde okgunly amala aşyrýan düýpli tutumlar, täzeçil özgertmeler muňa aýdyň subutnamalardyr. Üns berseň, şol tutumlaryň, özgertmeleriň rowaçlyklara beslenmeginde, üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagynda halal zähmete uly sarpa goýýan halkymyzyň döredijilik ukyp başarnygynyň hakyky iş ýüzünde pajarlap, gül açýandygyny, netijede onuň jemgyýetimiziň ösüşleriniň kuwwatly, hereketlendiriji güýjüne öwrülýändigini görmek-duýmak bolýar. Görşümiz ýaly biziň her birimizi beýik maksatlaryň daşyna berkden-berk jebisleşdirýän, nurana geljegimiziň hatyrasyna hemmämizi gujur-gaýrat bilen döredijilikli, öndürijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýan, durmuşymyzyň, ömrümiziň bezegine öwrülýän ählumumy arzumyzyň ýüregimizde-kalbymyzda şineläp, baş maksada öwrülmegi gönüden-göni Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň türkmen halkynyň, aýratyn-da ýaş nesilleriň abadan durmuşy baradaky bimöçber aladalary bilen aýrylmaz baglanşyklydyr. Arkadagly Serdarymyz bolsa ýaşlara ýüzlenip, şeýle diýýär: ”Beýik geljegimiz siziň bagtyýarlygyňyz, kadaly ösüşiňiz bilen aýrylmaz baglydyr”. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nobatdaky ýylynyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” diýlip atlandyrylmagy bu mizemez hakykatyň subutnamasy bolup dünýä doldy. Şeýle-de, munuň özi täze taryhy eýýamyň nura beslenen rowana ak ýollary bilen röwşen geljegine tarap ynamly öňe barýan zähmetsöýer türkmen halkynyň, aýratyn-da ýurdumyzyň ýaşlarynyň Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzy has-da gülletmek maksat-höwesiniň egsilmezdigini ýene bir ýola dünýä ýaýýar. Hormatly Prezidentimiz bolsa: “Biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňümizde belent maksatlary goýduk. Mähriban Watanymyzyň abadançylygyny we durmuş-ykdysady ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, dünýäde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmek wezipelerini öňe sürdük. Şu belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys” diýip, buýsanç bilen nygtaýar. Biz – ýaşlara şeýle uly ynam bildirýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolup, halkymyzyň bagtyýarlygyna gönükdirilen beýik tutumly işleri hemişe üstünliklere beslensin!
Umyt BAÝHANOW,
TMÝG-niň Türkmenbaşy şäher
Geňeşiniň başlygy.