«ÝAŞLAR ÝURDUŇ DAÝANJY»

Ýurdumyzda ýaş nesillerimiz baradaky alada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öz mynasyp ornuny tapýar. Hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň röwşen geljeginiň eýeleri bolan ýaş nesillerimiz baradaky aladany elmydama üns merkezinde saklaýar. Olara döwrebap bilim, terbiýe bermek, beden we ruhy taýdan sagdyn ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek baradaky aladalar baş wezipeleriň biri bolup durýar. Sebäbi şu günki ýaşlarymyz baradaky alada Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň röwşen geljeginiň kepili bolup durýar.

Bu röwşen geljek bolsa ýaşlarymyzdan çuňňur ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, öz ata Watanyny jany-teni bilen söýýän, gujurly-gaýratly, ruhubelent adamlar bolup ýetişmeklerini talap edýär. Arkadagly Serdarymyzyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda eden taryhy çykyşynda täze döwrüň talaplaryna laýyklykda, ýaşlar syýasatynyň dürli ugurlaryny öz içine alýan kanunlaryň yzygiderli kämilleşdirilýändigine ünsi çekip, rejelenen görnüşli «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Kanunyň maksadynyň Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň doly derejede gatnaşmagyny üpjün etmekden, ýaş nesilleri watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek üçin has amatly hukuk şertlerini döretmekden ybaratdygyny nygtamagy ýurdumyzda ýaşlarymyza berilýän ünsüň çäksizdiginiň mysaly bolup durýar.

Berkarar Watanymyzda geljegimizi gurujylar hökmünde ýaşlaryň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, ahlak we beden taýdan sagdyn bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlara hemişe watanyň daýanjy, ýurduň ösüşiniň esasy sütünleriniň biri hökmünde garalýar. Hormatly Prezidentimiz ata-babalarymyzyň taryhy asyrlara uzaýan ýörelgelerine aýratyn ähmiýet berýär. Häzirki günde bu ýörelgelere täzeçe öwüşgin çaýylýar. Döredilýän şeýle ajaýyp mümkinçilikler ýaşlaryň zehinini kämilleşdirmäge, ukyp-başarnyklaryny doly derejede açmaga ýardam edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlar syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan sagdyn, maksada okgunly, giň gözýetimli, ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişmekleri baradaky bimöçber tagallalary öz ajaýyp miwesini berýär. Ýaşlar hakynda çuňňur alada edýän Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag bolsun, alyp barýan beýik işleri üstünliklere beslensin!

 

Akmuhammet NAZAROW,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň

Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň başlygy.

Öňki makala

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR