Berkarar döwletiň täze Eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen milli mirasymyz täzeden dikeldilýär, hut şol nukdaýnazardan hem ýurdumyzyň rowaçlygyna saldamly goşant goşýan halyçy gelin-gyzlaryň ata Watanymyza, milli medeni mirasymyza, sungatymyza, däp-dessurlarymyza bolan söýgüsini, türkmen gözellerine mahsus edep-ekramlylyk, mähir-mylakatlylyk, mylaýymlyk häsiýetlerini we işe ezberligini, döredijilik ukybyny görmek bolýar. Türkmen halkynyň milli buýsanjy, gadymy gymmatlyklaryny çuňňur öwrenmek we ösdürmekde, medeni mirasymyza hormat goýmak, ýaşlaryň arasynda ýaýbaňlandyrylýar. Örän gadymdan bäri bütin dünýäni nepisligi bilen haýrana galdyran milli sungatymyz bolan türkmen halysy Watanymyzyň şan-şöhraty we milli buýsanjydyr. Medeni mirasymyzyň taryhy kökleriniň beýany bolan türkmen halysy dünýä döwletleriniň ünsüni çekýär. Türkmen gelin-gyzlarynyň inçe sungaty täze-täze öwüşgünleri bilen müdimilik saklanyp gelipdir. Onuň her bir gölünde türkmeniň geçen ýoly, akyl-paýhasy, döredijilik ylhamy, taryha siňen merdana ykbaly görünýär. Geçmişiň ýaňy, geljegiň daňy bolup janlanýan haly sungatymyzyň inçeden-inçe tilsimlerini ele almak, ösdürmek, kämilleşdirmek üçin onuň her çitimine, öýdümine, gölüne, gyrymyna üns berip, gelin-gyzlarymyz ýürek arzuwlaryny, köňül söýgülerini gadymdan galan nusgalara siňdirýärler. Halynyň her bir nagşy, her bir çyzygy entek açylmadyk bir syr. Her bir ajaýyplygyň döreýşi barada rowaýatlaryň bolşy ýaly, halynyň döreýşi hakynda-da birnäçe rowaýat bar.
Haly saryja goýnuň ýazda gyrkylan ýüňünden taýýarlanylýar. Ýüň tebigy reňk boýunça ak, mele çal, gara görnüşleri boýunça saýlanyp toplanylýar. Soň ýüň hili boýunça aýratynlykda ýuwup guradylýar. Guran ýüň ýörite ýüň daralýan darakdan geçirilýär. Daralýan ýüň üç görnüşe bölünýär, ilki irimçik darakdan sozup almaly, muňa “baş kakmak” hem diýilýär. Şondan halynyň erşi taýýarlanylýar. Soň daragyň dişinden başy kakylan ýumşak ýüňi saplap almaly, mundan bolsa halynyň çitim ýüpleri taýýarlanýar, daragyň dişinde galan galynda, darak diş diýilýär, ol keçe edilende ulanylýar. Halynyň argajy (her çitiminden soň erşiň arasyndan geçirilip kakylýan ýüplüge “argaç” diýilýär) guzynyň ýumşak ýüňi bilen düýäniň torum gapdal ýüňi garylyp, daralyp taýýarlanylýar. Ýüpler egrilende, iki igi dolduryp, şol iki ik bilelikde egrilip, soň ýumak edip saralýar. Ýumak halynyň erşine niýetlense, oňa tow berip bükdürilýär we süýkmenräk kiçiräk ýumak edilýär, oňa “mäşirik” hem diýilýär. Çitim ýüpler üçin taýýarlanan ýumak ýörite guralda kelep edilip, dürli reňklerde boýalýar. Heniz haly dokalmanka, çeper elli zenanlar şonça zähmet çekip, ot-çöplerden reňk alyp, dürli reňklerde boýap taýýarlan ýüplerine aýratyn many berip aýdan çeper söz düzümleriniň bize gelip ýetenlerinden aýdaýyn:
“Gök göreşer” – gök reňkde haýyr bar, ýigitlere mahsusdyr.
“Ýaşyl ýaraşar” – ýaşyl reňk meşhur, ýer ýüzünde bagy-
bossanlygyň alamaty.
“Sary saçar” – sary reňk gün şöhlesiniň şekili.
“Gyzyl görkli” – gyzyl reňk owadan, zenanlara mahsus.
“Gara Nur” – nur – gara reňkde, ýagny gözüň görejinde.
“Ak açar” – ak Arşyň açary.
Gelin-gyzlar halyny dokamaga girişenlerinde:
Dört gazygy kakaýyn,
Erş-argajy dakaýyn.
Göwün-isleg hyýalym,
Öýdüm edip dokaýyn
- diýýärler.
Ir wagtda zenanlar dört sany gazyk kakyp, dokmany gurnapdyrlar. Haly ýüwürdilen erişleriň sazlaşykly bolmagy üçin, ol küjülenýär, soň küjiniň yzyndan erişiň arasyndan geçirilen dartyny ýörite dartgyç bilen çekip, erişiň arasyndan iki gat ýüplük geçirip, dokmanyň öňi tutulýar. Soň dartyny itip we çekip, erşiň arasyndan ak ýüplügi aňryk-bärik geçirip, dokma darak bilen kakylýar, muňa “toprak” diýilýär.
Halynyň topragy kakylanda, oňa “gülýaýdy” nagşy salynýar, ýagny “dünýämiz, durmuşymyz gül ýaly bolsun” diýen many aňladylýar. Soňky topraga bolsa “burmaçigin” nagşy salynýar.
Toprakdan soň halynyň ýerliginden iki gyrym gyrlansoň, ak we gara ýüplükden alaja nagşy çitilýär we üzülmezden halynyň gyra nagşy bilen alyp gidilip, soňky älemde birikdirilýär.
Alajanyň manysy: agy-gündiz, garasy gijedir. “Gije-gündiziň asudalyk bilen dowam edip, yzygiderli çalşyp dursun” diýen arzuwy aňladýar.
Soň “çüýşe” nagşy sapylyp, gyra nagşynda-da dowam edýär. “Çüýşe” nagşy nesilleriň ösüp-örňemeginiň arzuwyny aňladýar.
Ondan soň “Älem” nagşy sapylýar. “Älem” nagşynyň esasy çitimi ak bilen sarydan bitewi uly goçak bolup, manysy “älem-jahanymyz asuda bolup, bütin ýer ýüzünde güneş çoguny bolluk bilen çoýsun, asmandan inen ýagmyr ýer ýüzüni nurlandyryp, dünýämiz bolelinlikde bolsun” diýen arzuwy özünde jemleýän, göwrümi ýaýraň küýze şekilli uly goçak.
Älemden soň gyra nagyşlary sapylýar. “Gök goçak” goç ýigitlerimiziň başlary dik bolsun, olar elmydama Watanymyzyň goragçylarydyr diýen buýsanjy aňladyp, gyra nagşynda iki öwre aýlap salynýar. Ondan soňra “ak gyra” ýa-da “kejebe gyra” nagşy salynýar. Bu nagyşlar iki “gök goçagyň” arasynda ýerleşdirilip, oňa bagtyýar durmuşda ýaşamak arzuwy siňdirilipdir.
Gyra nagşyndan soň göl sapylýar. “Çakmak göli”, “gabsa göli”, “dyrnak göli”, “pendi göli”, “gök göl” ýaly birnäçe göl bolup, her biri uly taryhy özünde jemleýär.
“Gabsa” gölüň daşyny gurşap alan gaýykly adam şekilindäki sudurlar egsilmez baýlygy bolan Hazar deňzimizi aňladýar. Gölüň daşky görnüşi deňiz kenaryndan uzalyp gidýän tolkunlaryň şekiliniň beýanydyr.
“Gabsa” göl barada şeýle bir rowaýat hem ir döwürlerde eşidipdim.
Hazaryň kenar ýaka obalarynyň birinde, eli çeper gelin öz ýanýoldaşynyň oturyp-turjak ýerine niýetläp, bir düýp halyny üýtgeşik nagyş salyp dokamaga başlaýar. Gelin heniz halysyny kesip, ýere ýazyp ýetişmänka, ýigitleriň deňze awa giden wagtyny peýläp, oba betpäller dökülýärler. Gelin bar gorky-ürkini unudyp, täze halyçasynyň golbagyny gara öýüň dulundan geçirip baglaýar. Gapa baglanan üýtgeşik halydan gözüni aýryp bilmän, näkesiň bady gaýdýar.
Onda gelin:
-Bu biziň ilde dost-doganlygyň nyşanydyr. Obamyza nätanyş adamlar geler diýip oýlaman, gijräk galanymyz üçin bagyşlaň-diýýär welin, ýaňky adam üýtgeşik hala nebsewürlik bilen seredip durşuna pikirini üýtgedýär we buýruk berýär. Şunlukda çeper elli gelin merdemsi hereket bilen ýagynyň gözüni baglap, il-günüň uly howpdan aman galmagyna ýardam edýär. Çeper elli gelin özüniň şol hala salan üýtgeşik gölüne “gabsa göl” diýip at berýär.
Palasyň gelip çykyşy barada hem garry mamam şeýle hekaýat aýdyp beripdi.
Gadym zamanlarda bir oba betpäller dökülip, bir ýaş ýigi jydalyga sezewar bolýar. Yzynda galan ýaş gelni gaýgy-hasratyny köşeşdirmek üçin, dokma taýýarlaýar. Gelin:
Ak topragy kakaýyn,
Syrym saňa aýdaýyn,
Älem içre guwanjym,
Goçak başy dik bolsun
- diýip, dokmanyň topragyny kakandan soň, kynlyk bilen älem sapýar. Sebäbi palas dokalanda, nagyşly ýüzi aşak edilip dokalýar, dokalan nagşy onuň aşagyna aýna salyp görüp bolýar, dokmanyň dokalýan ýüzünde dürli erişler pürçük bolup dokalýan nagşy ýapýar.
Içeri girdim, daşary çykdym,
Gülýaýdyny sapdym
- diýip, gelin dokmanyň älemine salan nagşyna “gülýaýdy” diýip at berýär. Çünki älem-jahanyň asuda bolup, gül ýaly durmuşlarynyň açylyp gitmegini arzuwlaýar. Heniz palasyň gyra nagşyny sapmanka, gelin düýe sagyp gelip, süýdi çanaga guýanda, ak süýdüň ýüzünde özüniň ýanýoldaşynyň keşbini görýär. Şol oýlanmalaryny nagşa geçirýär. Ol nagşa-da “üşürme” diýip at berýär.
Ýagny çemçä seredip, söwer ýarynyň başy aman bolup, göwresini dik tutup sag-salamat bolmagyny, çanaga guýlan süýtde gören ýüz keşbindäki heniz süýdüň gaýmagy bozulmanka, gapydan gülüp girmegini arzuwlaýar.
Häzirki günde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň aladasy bilen türkmen halysy “Arşyň nepisligine” deňelýär. Bagtyýar Watanymyzda türkmen sungatyny dünýä meşhur eden Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, başy dik bolsun!
Ogulbahar AÝAZOWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäher
Geňeşiniň işgäri.