Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň ählitaraplaýyn kämil bolup ýetişmekleri baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýaşlary watansöýüjilik we ynsanperwerlik ruhynda terbiýelemek ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän milli ýörelgedir. “Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyna” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, ýaşlaryň ylym-bilim almagy üçin ähli şertler döredilýär, zehinli ýaşlara goldaw berilýär, ýaş nesliň beden we ruhy taýdan sagdyn adamlar bolup ýetişmegi barada maksatnamalaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Adamzadyň tejribesi jemgyýetiň ösüşini diňe bir tebigy baýlyklara, adam zähmeti bilen döredilen maddy gymmatlyklara bagly bolman, eýsem halkyň ýokary ruhy güýjüne hem-de milli-ruhy ahlak gymmatlyklaryna-da bagly bolýandygyny görkezýär. Bu günki gün bagtyýar ýaşlarymyz watansöýüjilik, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ýaly ajaýyp häsiýetleri özlerine ýörelge edýärler.
Hormatly Prezidentimiziň watansöýüjilik göreldesi bolsa ýaşlarymyz üçin ajaýyp ýörelgedir. Ýaşlaryň raýat hökmünde kemala gelmegi üçin watançylyk we ruhy-ahlak terbiýesini bermegiň ähmiýetini düşündirmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan ýaşlaryň arasynda yzygiderli maslahat duşuşyklary geçirilýär.
Şeýle duşuşyklaryň biri hem, 2023-nji ýyl — “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi, Balkan welaýat kitaphanasy bilen bilelikde “Ýurdumyz Berkarar, ýolumyz ýagty, ýaşlar Watanymyzyň buýsanjy - bagty” ady bilen brifing duşuşygy geçirildi. Duşuşykda çykyş edenler türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, şeýle, hem Arkadagly Serdarymyz tarapyndan ýurdumyzda ýaşlarymyzyň ylym-bilimli, hünärli, watansöýüji, edep-terbiýeli, beden we ruhy taýdan sagdyn adamlar bolup ýetişmekleri barada edilýän aladalar dogrusynda buýsançly gürrüňler edildi.Bagtyýar ýaşlar özleri üçin döredilýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin, şeýle, hem halkymyza eşretli we bagtyýar durmuşy bagyş eden Hormatly Prezidentimize çäksiz sagbolsun aýtdylar.
Oguljeren ÇENDIROWA,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.