Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda ösüp gelýän ýaş nesli ata-babalarymyzyň nusgalyk watançylyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerinde terbiýelemek ýurdumyzda bilim we terbiýeçilik ulgamynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ata-babalarymyz nesil terbiýesine ähli döwürlerde hem uly ähmiýet beripdirler. Milli ýörelgeleriň nesil terbiýesinde eýeleýän möhüm orny hemişede halk döredijilik eserleriniň, nusgawy şahyrlaryň şygyrlarynyň baş temasy bolup durýar. Döwletmämmet Azadynyň Wagzy-Azat» eserinde döwlet gurluşynda ata-baba ýörelgeler nusgalyk derejä çykarylýar. Türkmen halkynyň milli buýsanjy Watanyň waspçysy, agzybirligiň çakylykçysy bolan Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýän watançylyk äheňi, ululara sylag, kiçä söýgi hem öz boluşlylygy hem-de täsirliligi bilen tapawutlanýar.
Arkadagly Serdarymyz, Gahryman Arkadagymyz ýaş nesli watançylyk, merdanalyk we parahatçylyksöýüjilik ruhunda terbiýelemek işinde gymmaty egsilmeýän gollanma öwrülen «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda: Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: «Birew bilen aşna bolaý diýseňiz, owwal ykrarynda duruşyn görüň» diýýän setirleri bize söz bermegiň we beren sözüňde ygrarly bolmagyň, kasam etmegiň, ant içmegiň mazmunyna düşünmäge kömek edýär.
Çünki söz bermek heniz ygraryňda durjakdygyňy aňlatmaýar. Ynha, hut şu ýerden hem harby kasamyň süňňüne aralaşmaga mümkinçilik tapylýar. “Harby gulluk Watan goragçylaryna beren sözünde durmagy öwredýän merdanalyk mekdebidir. Heniz bu mekdebiň bosagasyndan ýaňy ätlän ýaşlar tälimleriň sapagyny özleşdireninden soň, kämil ynsan bolup ýetişýärler. Borçnama boýunça harby gulluk Watana wepadarlygyň durmuş akademiýasydyr» diýip ýazmak bilen, Magtymgulynyň bu sözleriniň kasama wepalylygy öwretmekde, umuman, watançylygyň merdanalyk mekdebinde, terbiýeçilik işinde uly ähmiýetiniň bardygyny nygtaýar.
Magtymguly Pyragy diňe häzirki nesillere däl, eýsem, geljek nesillere hem baý miras galdyran beýik akyldar şahyrdyr. Magtymguly — watançy şahyr. Ol şygyrlarynda hakyky watançynyň keşbini her diňleýjiniň, okyjynyň aňynda janlandyryp, ýakyndan açyp görkezmäge, ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemäge, olarda Watana, halka, ula hormat, kiçä söýgi döretmäge çalşypdyr. Watana bolan çäksiz söýgi, buýsanç Magtymgulynyň şygyrlarynda aýratyn belent owaz bilen ýaňlanýar şahyr türkmenleriň birleşen güýjüniň bu Hydyr gören topragy gül-gülzarlyga öwürjekdigini welilik bilen beýan edipdir. Şol bir wagtyň özünde-de Magtymguly döwletiň berkararlygynyň, abadançylygynyň goragynyň mert ýigitleriň gaýratly gollaryndadygyna düşünen akyldardyr. Pyragynyň şygyrlarynda berkararlygyň abadançylygyň goragçysy, Watanyň daşynyň sarsmaz galasy bütin berdaşly keşbi bilen ör-boýuna galýar. Şahyr: Mert ýigidi synlar bolsaň, golda gaýraty bellidir diýýär. Magtymguly Pyragynyň watançylyk, harby-gahrymançylyk temasyndaky şygyrlarynda çeper gahrymanyň keşbi edermen, sözüne ygrarly, agras, erkinlik söýüji, sabyr-kanagatly şekilde janlanýar. Şahyryň şygyrlarynyň çeper gahrymany — türkmeniň edermen ýigidi edermenlikde, watansöýüjilikde, adyllykda, ula hormat, kiçä söýgüde Görogly beg Türkmenden görelde alýar, oňa meňzemäge çalyşýar. Şol bir wagtyň özünde-de şahyr türkmen ýigidiniň, Watan üçin, halky üçin bitiren işi bilen özüni tanadýandygyny, hatda özüni diňe edermenligi däl, medeniýetliligi, sowatlylygy, ula hormaty, kiçä söýgüsi, çeper zybany bilen ykrar etdirýändigini nygtaýar. Jemläp aýtsak, bularyň hemmesi merdanalyk mekdebiniň sapaklarydyr. Şu ugurdan ugur alyp, ösüp gelýän nesillerde watançylyk, ahlaklylyk, adalatlylyk, dogruçyllyk, wepalylyk, halkymyzyň taryhyna, däp-dessurlaryna, medeniýetine söýgi we tebigata aýawly garamak häsiýetlerini terbiýelemek babatda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Etrek etrap Geňeşi harby gullukçylaryň we esgerleriň arasynda terbiýeçilik ähmiýetli «Mukaddes ynama – wepaly nesil» ady bilen wagyz-nesihat çäresini geçirdi.
Çäräniň ahyrynda çykyş edenler, Watanymyzyň abraýynyň barha artmagy ugrunda taýsyz tagallalar edýän eziz Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, il-günüň röwşen geljeginiň, şol sanda türkmen halkynyň nurana ertiriniň şanyna alyp barýan işleriniň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler !
Rahmanberdi ABDYLWELIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar Guramasynyň Balkan welaýatynyň
Etrek etrap Geňeşiniň başlygy.