Taryhyň köp syrlaryny özünde jemleýän Kaka topragy Namazgadepe, Altyndepe, Ulugdepe, Hysrowgala, Mäne Baba kümmeti, Küfen gala, Hywabat, Garahan gala, Kaka medresesi, Sandykly Baba, Bedene galasy ýaly onlarça taryhy ýerleri bilen uly meşhurlyga eýedir. Bu ýerleriň taryhy syrlaryny öwrenip, asyrlaryň geçmegi bilen ýer astynda galan milli gymmatlyklary ýüze çykarmakda etrabyň “Abiwerd” taryhy-medeni döwlet goraghanasy uly işleri alyp barýar. Goraghananyň etrap merkezinde ýörite muzeý gaznasy bolup, onda ady agzalan taryhy ýerlerden tapylan milli gymmatlyklar aýawly hem ygtybarly saklanýar. Muzeý gaznasynda ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden el işleri, amaly-haşam sungatynyň nusgalary, zähmet gurallary, öý-hojalyk işleri üçin zerur bolan enjamlar, körpe nesillere niýetlenip ýasalan gadymy nusgalar beýanyny tapýar. Mirasgär A.Halmyradow “Gadymy Abiwerd” atly kitabynda Altyndepäniň dünýäniň taryh ylmyndaky meşhur Şumer Wawilon, gadymy Hindi, gadymy Hytaý siwilizasiýasy bilen deň hatarda durýandygyny belleýär. Altyndepeden tapylan gymmatlyklaryň köp sanlysy muzeýde saklanýar. Olary birin-birin sanamak mümkin däl. Ýöne, ol ýerden tapylan öküziň altyn şekilini ýatlap geçmek möhümdir. Gadymy döwürde ol ýerde öküz şäheriň goragçysy we daýhançylyk işleri bilen ygtybarly iş maly bolupdyr. Däne üweýän degirmen, küýze öndürýän peç Altyndepäniň ykdysady taýdan ösendigini alamatlandyrýar. Şahy burum-burum bolup duran öküziň şekiliniň nesillere ýadygär galandygynyň özi-de şäherde ykdysady mümkinçilik bilen bir hatarda, el hünäriniň ösendigine güwä geçýär. Etrabyň Garadepe obasynyň çäginde ýerleşýän Çitli çaýy Günorta Türkmenistandaky gadymy ekerançylyk medeniýetinden habar berýän möhüm ähmiýetli ýerleriň biridir. Bu gadymy mekanda biziň eýýamymyzdan öňki IV müň ýyllykda ata-babalarymyz ilkinjileriň hatarynda tarp ýerleri özleşdirip, ekerançylyk medeniýetini ýola goýupdyrlar. Ol ýerden tapylyp, muzeý gaznasyna tabşyrylan uly kätmen, aşly kätmen, kellekeli kätmen, möre kätmen, teşe kätmen, çaga kätmeni, ot orak, bugdaý orak, bag orak, möýmürçe orak, üzüm orak, tut orak, çaga oragy, pesgaw pil, sepleme pil, ýamaksyz pil, kepje, ýekegulak pil, ikigulak pil, çaga pili muňa doly şaýatlyk edýär. Maldarçylyga degişli gurallar çopan taýagy, gulagydyr guýrugy kesilen köpek itiniň şekiljigi ol ýerde ýerli halkyň ir döwürlerde çarwaçylyk bilen meşgullanandygyna şaýatlyk edýär. Gadym durkuny üýtgewsiz saklan çyramuzeý gaznasynyň iň bir gymmatly nusgasynyň biridir. Eli hünärli ussa guşaklyga ýetip duran çyranyň aşagyny ýaýraw, ýokarsyny çüri edip ýasapdyr. Onuň aşakdan ýokary uzalyp gidýän böwri aýlaw-aýlaw edilipdir. Bu aýlaw çyrany elde gaýym saklamaga ýardam edipdir. Haçan-da onuň ojak ýaly böwründäki ýagly pagta ot berlen halatynda, çyra töwerege ýagtylyk saçyp, süýnmek tüýnüginden ýel çekip, howur çykarypdyr. Takmynan, bir ýarym müň ýyl mundan ozal Parfiýa patyşalygynyň synyp, täze bir zamananyň öwrülişigi döwründe bir maşgala ojagynda giň otaga ýagty saçan bu çyra ussanyň el hünäri, adamlaryň pähim-parasady, ruhy dünýäsi, medeni derejesi hakynda düşünje berýär. Ulugdepeden tapylan gymmatlyklar pederlerimiziň durmuşa paýhasly garaýşyndan habar berýär. Ammar jaýlaryň şekili, ylmy dilde “bereket hudaýy” diýlip atlandyrylýan heýkeljikler, möhürler, daşdan ýasalan peýkam uçlary, adam boýy ýaýrawly küýzeler geň-enaýy görnüşi bilen ýadyňda galýar. Goraghananyň muzeý gaznasy hemişe adamly. Ol ýere diňe diýarymyzyň dürli künjeginden däl, eýsem dünýäniň dürli ýerlerinden hem gadymy halklaryň taryhyny, medeniýetini öwrenijiler ýygy-ýygydan gelýär. Muzeý gymmatlyklary çagalaryň alnynda täsin bir dünýäni açýar. Ol ýerdäki ýer astynda tapylan küýzegärlige degişli gap-gaçlar, içi teňňeli golçalar, keramiki heýkeljikler, hum küýzeler, çarwaçylyk işlerine degişli gurallar, çopan taýagy ünsüňi özüne çekýär. Çaga oýnawaçlary-muzeý gaznasynyň esasy aýratynlygy bolup durýar. Ol ýerdäki gurjajyklaryň, haýwanjyklaryň şekilleri, ýer sürýän öküz, atyň üstündäki oglanjygyň heýkeli, hyýaly atyň çeper keşbi çekilen jürdejik, guş şekilli jürlewük çagalarda aýratyn täsir döredýär. Bu gymmatlyklar geljegimiz bolan çagalarda Watanymyzyň taryhyny öwrenmek bilen bir hatarda, zähmet endiklerine bolan höwesi hem artdyrýar. “Abiwerd” taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýyl-ýyldan goruny baýlaşdyrýan gazna gymmatlyklary Watanymyzyň taryhyny öwrenmekde uly ähmiýete eýedir.
Şirnazar RÜSTEMOW,
Türkmenistanyň Magtymguly
adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal
welaýat Geňeşiniň baş buhgalteri.