ÜNS BERIŇ, DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGI!

«Zenan kalby» žurnalynyň redaksiýasy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde 8-nji mart—Halkara zenanlar güni mynasybetli ýaş žurnalist gyzlaryň arasynda «Ýaşlyk joşguny» atly döredijilik bäsleşigini hem-de şygryýet agşamyny geçirýär.

Döredijilik bäsleşigine ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde zähmet çekýän we ýokary okuw mekdeplerinde žurnalist hünäri boýunça bilim alýan ýaşlar gatnaşyp bilerler.

Döredijilik bäsleşigi 2023-nji ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda sagat 15.00-da geçirilýär.

Ylham çeşmesi çogup duran, ýürekleri joşgunly ýaşlary döredijilik bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýarys! Üstünlik arzuw edýäris!

Bäsleşik boýunça doly maglumat almak üçin Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň  www.yashlar.gov.tm resmi web saýtynyň «Täzelikler» bölüminde tanyşyp bilersiňiz.

 

Habarlaşmak üçin telefon belgi: 44-88-81

Meňzeş habarlar