Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhammedowyň bilim syýasaty bilimiň hiliniň, netijeliliginiň ýokarlanmagyna badalga berdi. Mekdebe çenli çagalar edaralary bilim ulgamynyň iň möhüm basgançagydyr. Çagalar bagynda körpe nesle bilim-terbiýe berlip, çagalar bilimleriň ilkibaşky esaslaryny öwrenýärler. Hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen, giň dünýägaraýyşly, sowatly çagalary ösdürip ýetişdirmek döwrüň talaby bolup, öňe sürülýän meseleler Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bilim-terbiýeçilik işlerini dünýä derejesine ýetirmekden ybaratdyr. Şu nukdaýnazardan, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda üýtgedip guramak, kiçi ýaşly çagalara berilýän bilimiň mazmunyny, hilini kämilleşdirmek giňden ýaýbaňlandyrylýar.
Mekdebe çenli çagalar edaralarynda çagalara ýönekeý matematiki düşünjeleri öwretmegiň esasy maksady körpeleri orta mekdebiň esasy dersleriniň biri bolan matematiki dersini öwrenmäge, özleşdirmäge taýýarlamakdan, körpeleriň logiki pikirleniş ukyplaryny ösdürmekden ybaratdyr.
Mekdebe çenli ýaşly çagalara bilim we terbiýe bermegiň esasy usullarynyň biri işjeň oýun usulydyr. Oýnuň üsti bilen çagalarda üns, ýatkeşlik, pikirlenme kemala gelýär. Didaktik oýun, şol bir wagtyň özünde öwretmegiň usuly hem çaga güýmenjesi, gyzyklanmasy wezipesini ýerine ýetirýär. Çagalaryň irki ösüş döwründe ýönekeý matematiki düşünjeleri kemala getirmekde didaktiki oýunlaryň ähmiýeti uludyr, sebäbi bu oýunlaryň dowamynda çagalar maglumatlary belli bir yzygiderlikde kabul etmegi öwrenýärler.
Öwrediji oýunlar guralanda öwredilmeli maglumatlaryň matematiki mazmunyny çagalaryň düşünmegi üçin, güýçýeterli we düşnükli bolmaly; matematiki maglumatlaryň mazmuny boýunça oýunlar ýönekeýden çylşyrymly geçmek ýörelgesini kanagatlandyrmaly, terbiýeçi çagalar oýnuň şertini düşündirmeli, soňra paýlama esbaplar arkaly, her bir çaga bilen aýratynlykda, oýny guramaly. Çagalar bagynda geçirilen oýnumyzyň deslapky ýazgysyny kärdeşlerimize hödürlemek isleýäris.
- “Sanlyja otlujyk” köpugurly oýun.
Okuw-usuly serişdeler: 10 sany san belgileri bilen belgilenen dürli reňkli wagonjyk, 10 içindäki goşmak, aýyrmak boýunça meseleli kartoçkalar (mysal üçin: 2+5=?; 6-3=?, 7+3=?, 5+5=?), Türkmenistanyň welaýatlara bölünen kartasy.
Maksady: Ata Watanymyza we Türkmenistanyň Hormatly Prezidentine hem halkyna buýsanç, guwanç, söýgi we hormat goýmak duýgularyny terbiýelemek; körpelerde bilesigelijiligi we öwrenmäge bolan höwesi terbiýelemek; görmek, eşitmek, duýmak arkaly 10-a çenli sanamak, reňkleri tapawutlandyrmak endiklerini ösdürmek. Sanlaryň alnyşyny öwretmek (2 bu 1 we 1, 1 we ýene-de 1 we ş.m.), sanlaryň ýazylyşyny öwretmek. 10 içindäki sanlary goşmaga we aýyrmaga degişli ýönekeý mesele düzmegi we çözmegi; ulaglary tanamagy öwretmek.
Oýnuň gidişi: Terbiýeçi çagalary “Sanlyja otlujyk” bilen tanyşdyrýar (görkezmesi – Türkmenistanyň kartasynyň mysalynda demir ýoldan barýan parawoz we sanlar bilen belgilenen, dürli reňkli wagonlardan ybarat otlujygyň makedi (makediň ululygy – 1 inedördül metr ), paýlamasy – her çaganyň öňünde liste ýelimlenen “Otlujygyň” mysaly). Otlujygy herekete getirip, Türkmenistan boýunça syýahaty gurmaly, welaýatdan welaýata geçmek üçin, meseleleri çözmeli, meseleleri kartoçkalaryň jogaplary we reňkleri boýunça degişli wagonlara ýerleşdirilen ýagdaýynda, otlujyk kartanyň üstünde indiki welaýata geçip bilýär – diýip, terbiýeçi oýnuň şertini çagalara düşündirmeli we bir çagany ýanyna çagyryp, makediň üstünde hem oýnuň gidişini görkezmeli (mysal üçin, oýunçy sary reňkli düşen kartoçkaň ýüzünde 5+4 =? Meselesiniň dogry jogabyny görkezmeli we 9 belgili sary wagona goýmaly), soňra çagalara oturan ýerlerinde paýlama esbap arkaly oýny dowam etdirmekligi teklip etmeli.
- “Intellektual ýodajyk” köpugurly oýun gönükdirmesi.
Okuw-usuly serişdeleri: 10 sany san belgileri bilen belgilenen, dürli reňkli, mysaly aýak yzlardan, dürli reňkli geometrik şekillerden düzülen ýodajyk (uzynlygy – 1,5 metr, ini – 70sm.)
Maksady: Körpelerde bilesigelijiligi we öwrenmäge bolan höwesi terbiýelemek; görmek, eşitmek, 10-a çenli sanamak, reňkleri, geometrik şekilleri tapawutlandyrmak endiklerini ösdürmek. 10 içindäki sanlary goşmaga we aýyrmaga degişli ýönekeý mesele düzmegi we çözmegi, sözlem we baglanyşykly sözleýşi düzmegi öwretmek.
Oýnuň gidişi: Terbiýeçi çagalary “Intellektual ýodajyk” bilen tanyşdyrýar (görkezmesi – 10 sany san belgileri bilen belgilenen, dürli reňkli, mysaly aýak yzlardan, dürli reňkli geometrik şekillerden düzülen ýodajyk (paýlamasy – her çagaň öňünde liste ýelimlenen “ýodajygyň” mysaly), terbiýeçi belli bir sany aýtmaly, çagalar mysaly aýak yzlary basyp, goşmak-aýyrmak usulynda aýdylan sany ýerine ýetirmeli, mysal üçin, 8 san tabşyrylan bolsa, çaga goşmakda 5 we 3 ýa-da 4 we 4, 2 we 6, 1 we 7, aýyrmakda 10 we 2, 9 we 1 sanlar bilen belgilenen aýak yzlara basyp, 8 sany emele getirmeli. Edil şol usulda hem, belli predmeti düzmek tabşyrylanda, çagalar predmeti düzmekde ulanjak geometrik şekillerden ädimläp, onuň mysaly suduryny emele getirmeli, mysal üçin, terbiýeçi öýjagaz düzmegi tabşyranda, çagalar dörtburçluga we üçburçluga basmaly, gaýygy iki sany üçburçlukdan düzmeli we ş.m. Ýumuşlary ýerine ýetirilende, çagalara ulanýan sanlarynyň, şekilleriniň reňklerini aýtdyrmaly. Ýumuşlar çylşyrymlaşdyrylanda, çagalara sanlary basyp, belli bir tema boýunça gürrüň berdimeli, mysal üçin, “Meniň maşgalam” diýen tema boýunça çagalar: “Biziň maşgalamyz 4 adamdan ybarat, olar: ejem, kakam, men we jigim. Men 1-nji, jigim 2-nji, men 6 ýaşymda, jigim 3 ýaşynda. Biziň öýümizde (dörtburçlyk we üçburçlyk) 6 otag bar, biziň howlymyzda bakja bar we onda garpyz (togalak), gawun (süýri) ösýär”. Oýnuň şerti düşündirilenden soň, çagalar oturan ýerlerinde paýlama esbabyň üsti bilen, oýny dowam etdirmeli. Bu esbaby ulanmak arkaly sowat öwretmek sapagynda çagalara bogunlara bölüp okamany hem öwredip bolýar: çagalara mysaly aýak yzlarda ýazylan harplaryň, bogunlaryň üstünden ýöretmek bilen söz, soňra sözlem düzdürmeli.
- “Gatly jaý” oýun gönükdirmesi.
Okuw-usuly serişdeleri: Kesme sanlar, adamlaryň şekilleri, +, - , = belgileri, gatly jaýyň makedi (jaýyň mysaly üçeginde we gatlarynda kesme sanlary, şekiljikleri salmak üçin kisejikler bolmaly).
Maksady: Sanlaryň düzümi, 10 içindäki sanlary goşmaga we aýyrmaga degişli ýönekeý mesele düzmegi we çözmegi öwretmek.
Oýnuň gidişi: Terbiýeçi çagalara jaýyň makedini görkezýär we onuň üçeginde görkezilen san belgisine laýyklykda, kesme şekiljiklerden ýasalan adamlary jaýyň gatlaryna ýerleşdirmelidigini düşündirýär. Mysal üçin, jaýyň üçeginde 6 san görkezilýän bolsa, iki zolakly jaýyň çep gapdalyndaky zolagynyň 1-nji gatynda 2, 3-nji gatynda 1 adamyň şekilleri öňünden ýerleşdirilýär we çagalar jaýyň sag zolagynda ýerleşdirilen adamyň gabadynda 6 sana ýetmedikleriniň şekillerini goýmaklyk tabşyrylýar.
- “Artýar we kemelýär” oýun gönükdirmesi.
Okuw-usuly serişdeleri: Kesme görnüşli we uly we kiçi göwrümli, dürli reňkli geometrik şekiller.
Maksady: Geometrik şekiller, reňkler bilen baglanyşdyryp, sanlary öwretmek, 10 içindäki sanlary goşmaga we aýyrmaga degişli ýönekeý mesele düzmegi we çözmegi öwretmek, çagalaryň logiki pikirlenmesini kämilleşdirmek, aň türgenleşigini geçirmek.
Oýnuň gidişi: Uly tegelekleriň içinde kiçi üçburçluklary 1-den we 10-a çenli ýerleşdirmeklik, soňra tegelekleri artýan we kemelýän tertipde dogry goýmak tabşyrylýar. Oýny çylşyrymlaşdyrmak maksady bilen, tegelekleriň içinde getirilýän geometrik şekilleriň şekilini we reňklerini üýtgedip, olaryň görnüşleri boýunça sanadyp (näçesi köp?, näçesi az? – diýen soraglary berip) bolar.
G.KESÄÝEWA,
Aşgabat şäheriniň 142-nji çagalar
Bakja-bagynyň müdiri,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň
Büzmeýin Etrap geňeşiniň işjeň agzasy.