Göze gelüwli, owadan zatlaryň deňinden hiç wagt biparh geçip bolmaýar. Zenanlarymyzyň on barmagynyň hünäri bilen döreýän, kalbynyň nury siňen el işleri babatda hem şeýle. Çeper elli zenanlarymyzyň uz barmaklaryndan döreýän keşdeli köýnekler, dürli nagyşlara besselenen çyrpydyr kürteler, çabytdyr begresler türkmen tebigatynyň ajaýyplyklarynyň, sahawatly topragyň bereketiniň özboluşly keşbiniň beýanydyr. Mähir siňdirilip inçelik bilen ýerine ýetirilen nagyşlar bolsa, zenanlarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň ýokary ussatlygyndan habar berýär.
Mähriban Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda gadymy hem müdimi milliligi süňňüne siňen halkymyzyň şu güne çenli mukaddeslik hökmünde garap hem aýap, nesilden-nesle geçirip gelen medeni mirasy belent derejede sarpalanýar. Milli mirasymyzy öwrenmek, ösdürmek we dünýä ýaýmak babatda amala aşyrylýan işler, geçmişimiziň janly şaýady bolmak bilen, ol halkymyzyň geçen köpasyrly ýolyny şöhlelendirýär. Ene – mamalarymyzdan galan el işlerini, keşde- nagyşlaryny dowam etdirýän eli çeper zenanlar zähmetsöýerligiň, edep-ekramlylygyň, suratkeşligiň nyşanydyr. Bu gymmatly mirasymyzyň üstünden aýlar, ýyllar geçse-de, özüniň gadyr- gymmatyny ýitirmän gelýär.
Gelin-gyzlarymyzyň ene – mamalarymyzyň dowam edip gelýän ajaýyp däbi – ümä üýşmesi bardyr. Keşdeçi enemiziň gürrüňleriniň subutnamasy mysaly, bu günki ümede hem älemgoşar öwüşginli, simden çekilen ýaly keşde- nagyşly milli lybaslarymyzy synlanyňda, zenanlarymyzyň zehinine, ukyp-başarnygyny haýran galýarsyň. Olar nepisligi, owadanlygy, biri-birini gaýtalamaýan nusgalary bilen göreniň gözünde eglenýär.
Begli MÄMMEDOW,
TMÝG-niň Kaka etrap geňeşiniň
guramaçylyk bölüm müdiri.