DOKMA SENAGATYNDA ÝAŞLARYŇ ORNY

Ýurdumyzyň dokma senagaty hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary netijesinde barha ösýär, kämilleşýär. Onuň eksport kuwwaty bolsa, has-da artýar. Şeýle ýokary öndürijilikli önümleri bilen içerki bazarda, şol bir wagtda, daşarky bazarlarda hem islegli bolan ýokary hilli dokma önümlerini öndürmekde dokma toplumlary hem öz nobatynda netijeli işleri alyp barýar. Esasan-da, Watanymyzyň dokma senagatynyň ösüşlerine goşant goşmakda bu toplumlarda netijeli zähmet çekýänleriň aglabasynyň ýaşlardygy bizi has-da guwandyrýar. Degişli ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde dokma hünärinden bilim alan ýaşlar öz nazary alan bilimlerini tejribe arkaly üstünlikli durmuşa ornaşdyrýarlar. Şonuň netijesinde bolsa, ýurdumyzyň dokma senagatynyň barha okgunly ösýän döwründe özleriniň mynasyp goşantlaryny goşmaga mümkinçilik gazanýarlar.

Ýurdumyzyň dürli sebitlerinde hereket edýän dokma kärhanalary hem döwletimiziň aýratyn üns merkezinde durýar. Şonuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, dünýä ülňülerine laýyk gelýän, netijeli işlemäge we ýokary hilli önüm öndürmäge ähli mümkinçilikleri bolan öňdebaryjy enjamlar bilen ornaşdyrylan, işiň awtomatiki ugry göz öňüne tutulan dokma kärhanalary gurlup ulanylmaga berilýär. Munuň özi, dokma senagatynyň ösmeginde, köp sanly iş orunlarynyň döremeginde özüniň oňyn täsirini ýetirýär.         Ýaponiýada, Germaniýada, Şweýsariýada, Türkiýede öndürilen dünýä ülňülerine laýyk enjamlar dokma toplumlarynyň esasyny düzýär. Bu toplumlarda ene topragymyzda önýän önümler 100 % ak altyndan öndürilýär. Ähli önümleriň daşary ýurtlara eksport edilýändigini, dünýä bazarlarynda uly isleglere eýe bolup durýandygyny aýratyn bellemelidiris. Taýýar dokma önümleri bilen tanyş bolýan mahalyň, “Türkmenistanda öndürildi” ýazgysyna gözüň düşeninde, ýurdumyza bolan buýsanç kalbyňda janlanyp, dokma senagatynyň batly depginde ösýändigine buýsanjyň artýar.

Döwletimizde ýaşlaryň öňdebaryjy tilsimatlara erk edip, ýokary öndürijilikli zähmet çekmegine aýratyn üns berilýär. Olar önümçilik iş prosesine işjeň gatnaşyp, ýokary ruhubelentlikde Watanymyzyň ykdysadyýetini pugtalandyrmak maksady bilen, dürli pudaklarda tutanýerli zähmet çekýärler we mynasyp goşant goşýarlar. Bu dokma senagatynyň pudaklarynyň kärhanalary babatynda hem şeýledir.

 

Gözel KUŞMEKOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Köneürgenç etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça hünärmeni.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 11 okalan

GADYMY KÖNEÜRGENJE SYÝAHAT

27 Noýabr 2024 | 77 okalan

ÝAŞLYGYŇ JOŞGUNY