Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe baý medeni mirasly halkymyzyň ajaýyp däp-dessurlary, baýramçylyklary we toý dabaralary täze many-mazmuna eýe boldy. Ruhy-medeni gymmatlyklarymyz asyrlaryň dowamynda halkymyzyň kalbynda hasyl bolan arzuwlaryň özboluşly beýanyna öwrüldi. Türkmen halkynyň Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni bilen baglanyşykly däpleri, edebi eserleri, halk oýunlary, öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Ýurdumyzda Milli bahar baýramy uly ruhubelentlikde bellenip geçilýär. Bahar paslynda tutuş ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyrylýan baýramçylyk çäreleri aýdym-sazly çykyşlar we türkmen halkynyň oňyn däp-dessurlary bilen türkmen topragynyň gözelligine gözellik goşýar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde Milli bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 2-4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlaryň arasynda geçiriljek “Iň eýjejik gyzjagaz-2023” atly şadyýan bäsleşigiň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etraby boýunça tapgyry Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 84-nji orta mekdebiniň mejlisler jaýynda aýdym-sazly şatlyk-şowhun bilen geçirildi. “Iň eýjejik gyzjagaz-2023” atly şadyýan bäsleşiginiň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etraby boýunça tapgyrynda gatnaşan okuwçy gyzjagazlara emin agzalarynyň çykaran çözgüdiniň netijesinde ýeňişli orunlary berildi. Bäsleşikde ýeňiji bolan okuwçy gyzjagazlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Ogulbibi MESKUTOWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap
Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly
ulgamy boýunça esasy hünärmeni.