1-nji martynda Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Görogly etrap Geňeşiniň etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda Görogly etrabynyň merkezindäki Toý mekanynda “Güller gözelligi sizden öwrener” atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabara etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işjeň zenanlar we mährem eneler gatnaşdylar.
Baýramçylyk mynasybetli guralan dabarada etrabymyzyň çagalar sungat mekdebiniň zehinli okuwçylarynyň ýerine ýetirmeklerinde aýdym-sazlara, labyzly okalan goşgulara, joşgunly tanslara, şolar bilen birlikde, etrabymyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň täze döreden aýdym-sazly çykyşlaryna giň orun berildi. Naz-nygmatly bereketli toý saçagynyň başyna jem bolan bagtdan paýly zenanlarymyz berkarar Watanymyzyň gadyr-gymmaty, jemgyýetimizde zenanlaryň orny, olar hakda döwlet derejesinde edilýän tagallalar dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler. Başlaryň täjine deňelýän mähriban zenanlarymyzyň adyna aýdylan ýagşydan-ýagşy arzuwlar dabara gatnaşanlarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Ýokary derejede guralan baýramçylyk çäresi etrabymyzda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilýän dabaralaryň üstüni ýetirdi.
Baýramçylyk dabarasyna gatnaşan zenanlar halkymyza we mähriban zenanlarymyza uly sarpa goýýan, ösüşleriň ýoly bilen öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, döwlet ähmiýetli işleriniň dowamat dowam bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Altyn ATAKOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.