“MUKADDES SAÝÝARYS ENELER SIZI”

Häzirki döwründe ýurdumyzyň gülläp ösmeginde zenanlarymyzyň uly hyzmatlary bar. Jemgyýetimiziň geljegi bolan ýaş nesilleri watana wepaly, ruhubelent nesiller edip terbiýeläp ýetişdirmekde, ata-baba milli däplerimizi dowam etdirmek ruhynda terbiýelemekde gönüden göni zenanlarymyzyň paýy bar. Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarmyzyň parasatly ýolbaşçylygynda zenanlara goýulýan sarpa, zenanlar baradaky edilýän işler ata-baba ýol ýörelgelerimizden, milli däp-dessurlarymyzdan, ruhy gymmatlyklarymyzdan gözbaş alýar. Zenanlara ýöne ýere dünýäniň gözbaşy diýilmeýär. Dünýä gözelligi bagyş edýän zenanlar diýsek öte geçdigimiz bolmaz, çünki zenan ene, zenan halyçy, ol mollym we lukmandyr. Muňa ýurdumyzda geçirilýän dürli dabaralar, maslahatlar hem-de asylly däbe öwürülen her ýylyň 8-nji martyň Halkara zenanlar güni baýramy hökmünde ýokary derejede bellenilmegi aýratyn guwandyryjydyr. Şu gün hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşi, Aşgabat şäheriniň Çagalar we Ýetginjekler köşgüniň bilelikde gurnamagynda “Mukaddes saýýarys eneler sizi” ady bilen Halkara zenanlar güni 8-nji mart baýramy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabara geçirildi. Baýramçylyk dabara gatnaşan ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

 

Annamuhammet HUMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň

Berkararlyk etrap Geňeşiniň başlygy.