Biz Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwrüniň- milli Liderimiziň beýik başlangyçlary amala aşyrýan zamanasynyň bagtyýar ýaşlary. Kämil paýhasly Arkadagly Serdarymyzyň amala aşyrýan beýik işleriniň, ilkinji nobatda, ýaşlar baradaky syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigini tutuş durkumyz bilen duýýarys. Sebäbi hormatly Prezidentimiz türkmen ýaşlarynyň ylymly- bilimli, sagdyn hem ruhubelent bolup ýetişmekleri üçin ähli zerur mümkinçilikleri döredýär. Arkadagly Serdarymyzyň Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwrüniň belent maksatlaryna ýetmek üçin öňünde duran wezipeleri ýerine ýetirmäge ukyply adamlar bolup ýetişmekleri baradaky tagallalary bu günki günde öz ajaýyp miwesini berýär. Diýarymyzda ýaş nesiller hakynda edilýän çäksiz aladalar netijesinde olaryň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösmegi, ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda bilim almaklary, ylmy we döredijilik mümkinçiliklerini amala aşyrmaklary döwür bilen aýakdaş gadam urmaga ukyply, ilhalar adamlar bolup kemala gelmekleri babatynda döredilen ähli şertleriň hözirini görüp ýaşaýan ýaşlar giň dünýägaraýyşly, sowatly raýatlar bolup ýetişýärler.
Öz halkyny gülläp ösüş ýoly bilen alyp barýan Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwrüniň ylmy esaslaryny kemala getirýän, türkmen ýaşlarynyň röwşen geljegi babatda bimöçber aladalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun!
Bagül SÄDIÝEWA,
TMÝG-niň Magtymguly etrap
Geňeşiniň sanly ulgam boýunça
esasy hünärmeni.