BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ ŞUGLASY

Häzirki ajaýyp döwrümizde durmuşa geçirilýän işler, belent üstünlikler her birimizi buýsandyrýar. Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan parasatly syýasaty ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakdan, ykdysadyýetimizi ösdürmekden ybaratdyr.

Watanymyzyň ösüşleriniň has-da güýçlendirilmegi, halkymyzyň sanly ulgamyň ýeňilliklerinden peýdalanmagy we ýaş nesliň kämil bilim almagynyň gazanylmagy möhüm wezipeler hökmünde kesgitlenýär. Şonuň üçin hem ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak ugrunda zerur işler güýçli depginde durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen aýdyň wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» hem-de «Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda alnyp barylýan işleri aýratyn bellemegimiz gerek. Ýaşlara sanly tehnologiýalardan baş çykarmagy öwretmek maksady bilen, orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde degişli sapaklar hem geçilýär. Munuň özi talyp ýaşlaryň çuňňur bilimli, giň dünýägaraýyşly, döwrümiziň iň öňdebaryjy tehnologiýalaryndan baş çykarýan hünärmenler bolup ýetişmegi babatda uly mümkinçilikleri döredýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde talyp ýaşlaryň arasynda sanly aragatnaşyk ulgamy arkaly umumy okuw sapaklary guralýar. Geçilýän okuw sapaklary geljekki hünärmenleriň täze tehnologiýalary giňden ulanmak arkaly ylmy-barlag işlerini alyp barmagyna, öňdebaryjy dünýä tejribesine laýyklykda, ylmyň, bilimiň we önümçiligiň arasyndaky baglanyşygyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilýär. Munuň özi öňdebaryjy tehnologiýalardan baş çykarýan hem-de döredijilikli işlemegi başarýan hünärmenleri taýýarlamagyň üstünlikli alnyp barylýandygyny aýdyň beýan edýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde şeýle hünärmenleri kemala getirmek boýunça uly işler amala aşyrylýar. Bu ugurda sanly ulgamyň gazananlary işjeň peýdalanylýar.

Şeýle belent ösüşleriň netijelerini diňe ylym-bilimde däl-de, eýsem, beýleki ulgamlarda hem görmek bolýar. Ýurdumyzda gurulýan desgalar, täze ýaşaýyş ýa-da edara jaýlary özüniň owadanlygy, amatly gurluşy bilen dünýäni haýrana goýýar. Bu bolsa türkmen halkynyň iň owadan, ajaýyp ýurtda ýaşaýandygyny görkezýän hakykatdyr. Türkmen halkynyň döredijilikli işläp, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamagynda hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasatynyň uly ornunyň bardygyny buýsanç bilen bellemelidiris. Şeýle beýik ösüşler türkmen halkyny täzeden-täze üstünliklere ruhlandyrýar, täze ösüşlere badalga berýär. Ýurdumyzy ösüşlerden ösüşlere besleýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

 

Ogulbike BAÝYMOWA,

Türkmen döwlet medeniýet

institutynyň mugallymy.

Mugallymlar gazeti. 01.03.2023ý.

Meňzeş habarlar