“IŇ EÝJEJIK GYZJAGAZ – 2023” ATLY ŞADYÝAN BÄSLEŞIGINIŇ ETRAP TAPGYRY GEÇIRILDI

Hormatly Prezidentimiziň: “Beýik geljegimiz siziň bagtyýarlygyňyz, kadaly ösüşiňiz bilen aýrylmaz baglydyr. Şundan ugur alyp, nesilleri halkymyzyň asylly däpleri esasynda terbiýelemegi örän möhüm wezipeleriň biri hasaplaýarys” diýen sargytlaryndan, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar nesilleriniň bolelin durmuşda ýaşamagy, şadyýan, sagdyn ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, geljekde Watanymyza peýdaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin durmuşa geçirýän beýik işlerinden, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň berýän gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, ösüp gelýän ýaş nesilleriň sungata, döredijilige bolan söýgüsini artdyrmak, bilimlerini kämilleşdirmek, zehinli çagalary ýüze çykarmak we olary goldamak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşi hem-de Çärjew etrap bilim bölümi tarapyndan etrabyň ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebinde Milli bahar baýramy mynasybetli umumybilim berýän mekdepleriniň 2-4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlaryň arasynda “Iň eýjejik gyzjagaz – 2023” atly şadyýan bäsleşiginiň etrap tapgyry geçirildi. Şadyýan bäsleşige gatnaşan gyzjagazlar üç şert boýunça bäsleşdiler. Bäsleşige eminlik eden emin agzalarynyň çykaran netijesi esasynda Çärjew etrabynyň ýöriteleşdirilen 31-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Gözel Joraýewa birinji, Çärjew etrabynyň 42-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Çynar Täjiýewa ikinji, Çärjew etrabynyň 10-njy orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Aýnur Bagtyýarowa we 23-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Melek Perhadowa üçünji orna mynasyp boldular. Bäsleşige gatnaşyp ýeňiji bolan gyzjagazlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar we hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Nadira RAHMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Çärjew etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 56 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 47 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 64 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR