ZENAN ZEMIN LÄLESI

Ata Watanymyzda mähriban gelin-gyzlarymyza hormat-sarpa goýulup, zenan edebine aýratyn söýgi bilen garamak olary mukaddeslige deňemek ýaly ajaýyp ýörelgeler belent derejelere göterilýär. Gahryman Arkadagymyzyň “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym” kitabyndaky şu setirler bu barlykda enäniň mukaddes ornuny beýan edýär. “Ene ýaradylyşynda dowamatyň dowam etmeginiň başlangyjydyr. Enä minnetdar bolmak özüňe, şu dünýä, tutuş barlyga dahyllydygyňa soňsuz hoşallygygyňdyr. Perzendiň şu dünýäde mynasyp orny eýelemeginiň esasynda oňa berilýän mähir, yhlas alada jemlenendir.” Zenan mertebesiniň belentde tutulmagy, ýaşlaryň kümüş saçly enelerimiziň pähim-paýhasa ýugrulan mähriban sözleriniň görüm-göreldesiniň esasynda terbiýelemegi asylly abraýly maşgalanyň kemala gelmeginiň esasyny düzýär. Zenan maşgala ahlak gözelligiň nusgasy mukaddes ojagyň diregidir. Biziň halkymyzyň gymmatly ýörelgeleriniň biri bolan gelin-gyzlaryň mertebesini belent tutmagy öz gözbaşyny örän gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Ýaşaýyşyň diregi, dünýämiziň bahar görki bolan enelerimiziň uýalarymyzyň gelin-gyzlarymyzyň baýramy hemmelerde guwanç buýsanç duýgusyny döredýär. Halkara zenanlar baýramy mynasybetli geçirilýän çäreler zenanlara goýulýan hormat-sarpanyň nyşany höküminde köňüllere mähir paýlaýar. Türkmen zenanlarynyň abraý mertebesini dünýä deresinde belende göterýän hormatly Prezidentimiz saýasynda ýurdumyzda her ýylyň 8-nji marta halkara zenanlar güni mynasybetli bir näçe çäreler yzygiderli geçirilýär. Ynha şol maksat bilen Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2023-nji ýyl “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” atly ýylynda Büzmeýin etrap häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşi, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Büzmeýin etrap komiteti bilen bilelikde gurnamagynda Aşgabat şäheriniň 12-nji saglyk öýüniň mejlisler jaýynda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmaklarynda “Zenan zemin lälesi” ady bilen wagyz-nesihat hem-de maslahat duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň adyna hoşallyk sözler aýdyldy.

 

A.ORAZDURDYÝEWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin

etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň

esasy hünärmeni.