Ýurdumyzyň ýaş nesilleriň döwrebap ylym-bilim almagy, döwrebap sanly tehnologiýalardan oňat baş çykarmaklary Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda esasy wezipeleriň hatarynda durýar.
Sanly tehnologiýalaryň, nanotehnologiýalaryň, tehnologiýalar merkezleriniň, nou-haularyň durmuşymyza giňden ornaşdyrylmagy ýaşlarymyzyň bu ugurda has-da kämilleşip ösüşleriň öň hatarynda bolmagyna, täze döwrebap nesliň kemala gelmegine oňyn täsir edýär. Bu babatda, öňdebaryjy tehniki enjamlar, ýokary tizlikli internet tehnologiýalary, kompýuter programmalary bilen üpjünçilik, sanly ulgam üçin zerur bolan elektron okuw-görkezme esbaplarynyň, okuw wideo we audio materiallaryň, elektron okuw kitaplarydyr gollanmalaryň taýýarlanylmagy döwrüň möhüm talaby bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri sanly ulgam üçin zerur bolan iň täze enjamlar bilen yzygiderli üpjün edilýär. Biz hem öz gezegimizde Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzybir işgärleri bolup Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ýaşlar syýasatyny ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda wagyz etmekde, ahlak taýdan arassa, beden taýdan berk, watansöýüji ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde güýjümizde baryny edip işlejekdigimize ynandyrýarys. Bagtyýar geljegimiz bolan ýaş nesliň döwrebap ylymly, bilimli, giň gözýetimli bolmagy ugrunda yzygiderli alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwlet bähbitli ýurt ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Serdar GURBANMUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň
Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy
bölüminiň hünärmeni.