Berkarar döwletiñ Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda Ýurdumyzyň her bir güni toýdur baýramlara şanly wakalara beslenýär. Watanymyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar gününe Watanymyzyň şöhratly zenanlarynyň hormatyna bagyşlanan dabaralar giň gerime eýe bolýar. Arkadagly Serdarymyzyň zenanlara pul sowgadynyň bermegini hem-de köp çagaly enelere “Ene mähri” diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekmegi, hormatly adyň nyşanlarynyň, şeýle hem köp çagaly maşgalalara täze öýleriň berilmegi bu günki gün ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar günine ýurdumyzyň zenanlaryna gelin-gyzlaryna ýatdan çykmajak sowgat bolýar.
Ýurdumyzda giňden bellenip geçilýän zenanlaryň ajaýyp baýramyna bagyşlanan dabaraly çäreler aýratyn many-mazmuna eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, baý milli mirasymyzy aýawly gorap saklamakda we geljekki nesillerimize ýetirmekde zenanlaryň hyzmaty uludyr. Zenanlar dessanlaryň, rowaýatlaryň, gahrymançylykly eposlaryň we söýgi baradaky gazallaryň, kalplarda orun alan halk aýdymlarynyň gahrymanlarydyr. Ussat zergärler gymmat bahaly metallardan we daşlardan şaý-seplerini, joşgun bilen döreden gaýtalanmajak sungat eserlerini zenanlara bagyşlapdyrlar. Zenanlardan ylham alyp döredilenleri sanap geçmek halkyň, ýurduň taryhyny beýan etmegi aňladýar. Ata-babalarymyz zenanlara sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak ýaly milli däplerini müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, mukaddeslik derejesine ýetiripdir. Mährem enä, wepaly ýanýoldaşa, mähriban uýa bolan aýratyn hormat, maşgalada gaýyn-gelin gatnaşyklarynyň kadalary asyrlardan aşyp, halkymyzyň asylly däpleri hökmünde biziň günlerimize gelipdir. Eneler ähli döwürde-de türkmen jemgyýetinde aýratyn orun eýeläpdir. Olar maşgala ojagynyň ýylysynyň hem-de jemgyýetiň ahlak esaslarynyň, ruhy we ynsanperwer kadalarynyň gözbaşynda durupdyr. Hakykatdan hem, ynsana ýaşaýşy peşgeş beren ene hemişe-de tagzym edilmeli mukaddeslikdir. Ol Watan, ýurt, toprak bilen deň derejede goýulýandyr. “Ene toprak” diýlen düşünje hem ýöne ýerden dörän däldir. Şahyryň dili bilen aýtsak, biz enäni “dünýäniň görki we durky” hasaplaýarys. Iň bagtly perişdeler Zemine inip, enä öwrülermiş diýen rowaýatyň bardygyny belläp geçdi.
Eneleri begendirmek, razy etmek iň uly bagtdyr. Eneleriň ak patasy, alkyşy ýollaryňy açýan gudrat hasap edilýär. Rowaýatlara görä, gadym eýýamlarda Zemini doňaklyk gurşap alanda, dünýäni halas eden ene mähri bolupdyr.
Türkmen milletiniň bäş müň ýyldan hem aňyrdan gaýdýan taryhynda belli zenan şahsyýetler öçmejek yz galdyrypdyr. Ajaýyp heýkeli Nusaýdan tapylan, Parfiýanyň patyşasy Mitridatyň gyzy Rodoguna, “Güneşiň gyzy”, “Asman şalygynyň gyzy” ýaly dabaraly atlar bilen tarypy ýetirilen zenan serkerde Zarina, watansöýüjiligidir mertligi dilleriň senasyna öwrülen, “Gözellik şasy” Tumar şa, Gündogarda ilkinji ylmy akademiýany esaslandyran halyf Al-Mamunyň käbesi Merjen hatyn, Togrul soltanyň aýaly Altynjan hatyn, Beýik Seljuklar döwletiniň soltany Mälik şanyň gyzy Mahmelek hatyn, Soltan Jelaleddin Meňguberdiniň aýaly Melike hatyn, Gutlug Temiriň aýaly Törebeg hanym, Seljuk soltany Gylyç Arslanyň gyzlary Melike Seljuk hatyn we Göwher Nesibe hatyn, söz mülküniň melikeleri hasaplanan Mahesti, Menije we Mähri hatyn ýaly meşhur zenanlaryň öz döwründe bitiren beýik işlerine dünýä haýran galýar ine, şolar ýaly meşhur zenanlaryň tagallasy bilen ençeme müňýyllyklaryň dowamynda halkymyzyň maşgala gymmatlyklarynyň mukaddesligi aýawly saklanypdyr. Şol gymmatlyklar bolsa halkymyzda ruhubelentligi hem-de ahlaklylygy, halallygy, sadalygy we zähmetsöýerligi, ynsana sarpa goýmagy terbiýeläp gelipdir. Çeper elli türkmen zenanlarynyň tagallasy arkaly özüniň nepisligi we gözelligi bilen göreni haýran galdyrýan türkmen halylarydyr ajaýyp keşde-nagyşlary bütin dünýäde ykrar edilen sungat eserleri hökmünde biziň günlerimize ýetirildi. Garaşsyzlyk döwründe ynsanperwerligi, edep-terbiýäni, belent ahlaklylygy wasp edýän Halkara zenanlar gününi täze many-mazmun bilen baýlaşdyryp, uly dabaralara besleýäris. Döwletimiz köp çagaly maşgalalary hemmetaraplaýyn goldamak, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak barada aýratyn alada edýär. Her ýyl Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adyna mynasyp bolan köp çagaly eneleri sarpalamak dabarasy geçirilýär. Köp çagaly maşgalalaryň uly toparyna ýokary amatlyklary bolan täze öýleriň açarlary gowşurylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ýurdumyzyň zenanlarynyň ählisine, şol sanda pensiýadaky enelere, öý hojalykçy we işleýän zenanlara, talyp gelin-gyzlara, okuwçy hem-de çagalar baglarynda terbiýelenýän körpe gyzlarymyza pul sowgatlaryny gowşurmak indi asylly däbe öwrüldi. Zenanlara şeýle uly hormat goýýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň janlary sag ömürleri uzak tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn.
Myrat GOŞAÝEW,
“Türkmendemirýollary” agentliginiň
Magtymguly adykdaky IÝG-nyň sanly
ulgam boýunça hünärmeni.