KERIM GURBANNEPESOW

Kerim Gurbannepesow Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Kerim Gurbannepesow 1929-njy ýylda Gökdepe etrabynyň Ýylgynly obasynda eneden dogulýar. Obadaky ýedi ýyllyk mekdebi gutarýar. Uruş döwrüniň agyr kynçylyklary sebäpli olaryň maşgalasy Tejene göçmeli bolýar. Şahyr 1945-1946-njy ýyllarda Tejen derýasynyň boýunda gurulýan suw howdanynyň gurluşygynda işlän döwründe ýörite gurluşykçylar üçin çykarylýan gazetde jogapkär sekretar bolup işleýär. 1949-1951-nji ýyllarda goşun gullugynda bolup dolanyp geleninden soň ýene-de žurnalistlik kärinde işe başlaýar.

Kerim Gurbannepesow Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlaýar. Türkmenistan Ýazyjylar birleşiginde, “Tokmak”, “Sowet edebiýaty” žurnallarynda jogapkär wezipelerde işleýär. Ol Ýazyjylar soýuzynyň başlygynyň orunbasary, Dolandyryş agzasy(Член управления), Türkmenistanyň Ýokary sowetiniň deputaty bolup il-ýurduna jany-teni bilen hyzmat edýär. Şahyr Kerim Gurbannepesow 1988-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda aradan çykýar.

"Oýlanma baýry" goşgylar ýygyndysy

Ýürek poemasy

Enäniň ýaşy

1.Günämizi bagyşlaýar eneler.

Sebäp – eneleriň ak süýtli döşi

Köp-köp garalygyň günäsin ötýär.

Şeýdibem kemelýär eneleň ýaşy...

3.Ýigirmi ýaşyny doldurdy ogul.

Gapak ýaly boldy tüýlije döşi.

«Indi ata bolduň, adam bol, oglum!»

Gysyldy, gysyldy enäniň dişi.

 

2.Ene balasyna buýurdy ýumuş,

Ol diýdi: «Özüň et oň ýaly işi!»

Ýandy ene. Emma ötdi günäsin

Kemeldi enäniň ýene bir ýaşy

4.Ene dişin gysdy otuzki gezek,

Her gezek gysanda gaçdy bir dişi.

Enäniň her gaçan dişine derek

Ýaprak dek saralyp, Gaçdy bir ýaşy...

 

Ömrüme pent goşgusy

1.Şahyr! Şahyrlygyň çyn bolýan bolsa,

Sönüp, ýanyp, ýene sönüp, ýanyp git.

Ynsanlyk ýazgydyň çuň bolýan bolsa,

Gara ýere çümüp, çykyp, çümüp git.

10.Ýeňip ýaşa: ahyrda ýeň, başda ýeň,

Tomusda ýeň, ýazda, güýzde, gyşda ýeň.

Söýgiňde ýeň, gaýgyňda ýeň, işde ýeň

Bir oguldan ýeňilip hem ýeňip git.

 

2.Hem akyl ber, hem iliňden akyl al.

Kitapdan däl, gara ýerden nakyl al.

Alan zadyň demiň bilen ýakyp al,

Soň ýene-de ýeriň süýdün emip git.

 

11.Ýeňsin ogul dil bilen däl, iş bilen,

Seňkä görä has ýitiräk huş bilen.

Aýak däl-de, parasatly baş bilen

Ýeňse ogul – gözüň rahat ýumup git

3.Dag ýoluna, çöl ýoluna belet bol,

Dag ýolunda – çat açmaýan polat bol.

Çöl ýolunda – tirkeş-tirkeş bulut bol.

Teşne görseň, dodagyna damyp git.

 

12.Gözüň sürtüp merhum enäň alnyna,

Bir aglapdyň. Indi beri aglama:

Öz balaňy eliň bilen jaýlama,

Nobatyňda mele ýere sümüp git.

4.Ýol agyrdyr: müň ýanylar, öçüler.

Bagtly ýollar kynlyk bilen geçiler.

Ýel ygyna şaglap gitse geçiler,

Sen öküz dek ýele garşy yňyp git.

 

13.Dünýä gelmegiň-de nobaty ýagşy,

Ýene ölmegiň-de nobaty ýagşy.

Men diňe bir zatda nobata garşy:

Dost öýünde islän çagyň gonup git.

 

5.Bagt paýlansa üç baýlygy ilki al:

Ylgap baryp saglyk bilen erki al.

Ýany bilen çuwal-çuwal gülki al,

Soň tapylar, galan zady zyňyp git.

14.Başarsaň – köplügiň içine garyş,

Tanyşdan dost tutun, ýatlardan – tanyş.

«Žiguliň» içinden gözleme durmuş,

Köplük bilen awtobusa münüp git.

 

6.Dost paýlansa «Äber!» diýip gyssanma,

Alaňdan soň – gysgaltma hem gysgalma.

Dileg etse – gözlerňi hem gysganma,

Birin ber-de, biri bilen oňup git.

 

15.Köpelsin öýüňde ýürekdeş myhman

Ýary işçi bolsun, ýarysy daýhan.

Elbetde, alymam, şahyram hökman.

Üýşüp, çaşyp, çar tarapa eňip git.

 

7.Ha çaryk geý, Ha çokaý geý, Telpek geý

Parhy ýokdur: geýseň bolar erkek deý.

Ýöne weli şypbyldama çepek deý.

Aýna gonçly ädik ýaly doňup git.

 

16.Şeýle dostlar bilen gezseň birsellem

Ýetersiň iň uly matlaba çenlem.

Gadamyň giňden ur! Entekler ellem Hol öňde-le.

 Ýaş hakynda dymyp git.

 

8.Sorasaň aýdaýyn kyýamat nedir?

Erkekler ownasa kyýamat şodur.

Her başy telpeklä goýmagyn gadyr.

Bäş telpegi bir gyňaja daňyp git.

 

17.Haly wagtyň meňzemegin kilime,

Diri wagtyň gyssanmagyn ölüme.

Öçen wagtyň öýkünmegin çilime 

Içi közli ojar ýaly sönüp git.

 

9.Gözelligi sor bagryňa, öýkenňe.

Söýülseň söý, söýulmeseň süýkenme.

Söýgi hem goşgudyr! Kişä öýkünme,

Öz möhrüňi, öz közüňi goýup git.

 

18.Ýene bir söz (magtanmak däl, öwüt däl):

Mazaryma daş oturtmak sargyt däl.

Mele ýeriň astynda-da daş gyt däl,

Bakylyk şol: Şol daşlara siňip git.

 

 

Aýnagözel ANNANUROWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäher

Geňeşiniň hasapçy-buhgalteri

Öňki makala

HALKARA ZENANLAR GÜNI

Indiki makala

“ÝAŞLARA GUTLAG”