“TERBIÝELI ÝAŞLAR - KÄMIL JEMGYÝETIŇ BINÝADY”

“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” türkmen halkyny aýdyň ertirlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Watanymyzyň her bir güni taryhy wakalara, ýatdan çykmajak şanly senelere beslenýär. Arkadagly Serdarymyzyň tutumly başlangyçlary bilen gülleýän gül açýan hemişelik Bitarap Watanymyzda ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlar döwletimiz tarapyndan uly üns bilen gurşalyp alynýar. Ýaşlaryň okamagy, işlemegi, döretmegi, sagdyn ösüp ýetişmekleri üçin uly şertler döredilýär. Ýaşlarymyz sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, ýurdumyzda döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, abadan eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýarlar. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde döwletimiziň baş baýlygy bolan halkymyzyň saglygy, ýaş nesillerimiziň şadyýan, bagtyýar, asuda durmuşda ýaşamagy hakyndaky meseleler mydama üns merkezinde saklanýar. Munuň özi agzybirlikden, jebislikden rysgal-bereket tapan, halallyga, adalata, ynsanperwerlige, ygrarly merdana il-ulusymyzyň ýaşlarymyzyň Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sapaly durmuşa eýediginiň aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda raýatlarymyzyň, ylaýta-da, ýaş nesillerimiziň ruhy we beden taýdan sagdyn, ahlak taýdan arassa, ylym-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup kemala gelmekleri ugrunda uly tagallalar edilýär.

Umuman, eziz Diýarymyzda halkymyzyň we ýaşlarymyzyň saglygyny gorap ulgamynyň durnukly ösüşini üpjün etmäge, halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen döwlet syýasaty işjeň durmuşa geçirilýär. Ilatyň saglygyny goramak, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak hem-de jemgyýetiň hemmetaraplaýyn ösmegini üpjün etmek bu günki gün baş wezipe hökmünde kesgitlendi. Bu asylly işleriň sakasynda hormatly Prezidentimiziň adam hakyndaky aladalary durandyr.

Ýaş nesilleriň saglygy üçin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak döwrüň möhüm talabydyr, ol güýjüň we gözelligiň çeşmesidir. Beden we ruhy sagdynlyk adamyň özüne bolan ynamyny berkidýär, ony döredijilige ruhlandyrýar.

Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazanandan soňra ýurtda bedenterbiýe we sport hereketlerini ýola goýmagyň täze usullary kemala gelip ugrady hem-de şol ugurda halkara hyzmatdaşlygy alyp barmagyň düýp esasy goýuldy. Şol döwürden bäri ýurdumyzda bedenterbiýäniň we sportuň kämilleşmegi, adamyň kuwwatynyň maddy we ruhy taýdan sazlaşykly utgaşmagy netijesinde sagdyn durmuş ýörelgesine eýe bolmagy, şeýle hem sport ugry boýunça halkara hyzmatdaşlygyň giňelmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri boldy. Şeýle syýasaty durmuşa geçirmek maksady bilen diýarymyzyň ähli welaýatlarynda köpugurly stadionlar, bedenterbiýe we sagaldyş toplumlary, aýlawlar, sport mekdepleri we başga-da birnäçe desgalar bina edildi.

Orta, başlangyç, ýörite orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň durmuş bilen arabaglanyşykly, yzygiderli, maksada okgunly bolmagy ýaş nesliň alýan nazary bilimlerini aňynda berk şöhlelendirip, ony gündelik durmuş tejribesinde ulanyp başarmagyna ýardam edýär. “ Bir okasaň –ýat, müň okasaň-binýat” diýip, ata –babalarymyz bilimiň yzygiderli we dowamly bolmagyny pent edipdirler. Akyllylygy, parasatlylygy yzygiderli alnan bilimiň hem-de ylymyň netijesinde adam janly dünýäniň hadysalaryna, wakalaryna akyl ýetirýär hem-de özüniň gündelik iş, durmuş tejribesini dolandyrýar. Akyl taýdan kämil, ilki bilen, ylym-bilimden doly ýüküň ýetik, hünär taýdan ussat bolmagy talap  edýär. “Abraý mirasda däl-de, akyl bilen edepdedir” diýip, ata –babalarymyz ýaş nesillerimize öwüt-ündew edip gelipdirler we dogry belläpdirler. Bagtyýarlyk döwründe ýaş nesli terbiýelemekde  Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkyna peşgeş beren ajaýyp kitaplary nusgalyk mekdep bolup, ýaşlary özbaşdak durmuşa taýýarlamagyň usulyýet esasy bolup durýar.

Berkarar döwletimizde Watanymyzy gülledip ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin taýsyz tagallalary edýän, ýaş nesilleri aladasy bilen gurşap alýan Arkadagly Serdarymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, elmydama tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

 

Serdar MYRADOW,

TMÝG-niň Magtymguly etrap

Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR