MAGTYMGULY PYRAGY TÜRKMEN EDEBIÝATYNYŇ GÖWHER TÄJI

Gündogar edebiýatynda özüniň ajaýyp döredijiligi bilen öçmejek yz galdyran beýik akyldarlaryň biri hem Magtymguly Pyragydyr. Beýik şahyryň şygryýet dünýäsinde türkmen halkynyň durmuşy öz aýdyň beýanyny tapypdyr. Onuň şygyrlary durmuşda dogry ýoly salgy berýän özboluşly ýol-ýörelgedir. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda beýik şahyryň ömrüni we döredijiligini öwrenmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Şahyryň eserleriniň dünýä halklarynyň köpüsiniň dillerine terjime edilmegi diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, bütin dünýäde dünýä medeniýetiniň buýsanjy bolan beýik söz ussadynyň şahsyýetine we mirasyna gyzyklanmany artdyrýar. 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilmegi bolsa türkmen halkynyň beýik akyldarynyň dünýä ýüzünde giňden wagyz edilmegine uly goşant bolar. Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli şeýle hem ýaşlaryň beýik akyldaryň döredijiligini has içgin öwrenmegini gazanmak maksady bilen Kerki etrabynyň 1-nji orta mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda “Magtymguly Pyragy türkmen edebiýatynyň göwher täji” atly duşuşyk geçirdi. Duşuşyga Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça hünärmeni O.Aşirowa, Kerki etrabynyň 1-nji orta mekdebiniň kitaphanaçysy A.Annakowa dagylar gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda okuwçylar Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň birnäçesini ýerine ýetirdiler.

 

Arzuw RAHMANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 56 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 47 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 64 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR