GARAŞSYZLYGYŇ MERJEN DÄNELERI

Görogly etrap merkezindäki Medeniýet öýünde “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” atly aýdym-saz bäsleşiginiň etrap tapgyry geçirildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäginde zehinli çagalaryň arasynda yglan edilen bäsleşigiň nobatdaky tapgyryna zehinli çagalar we çagalar döredijilik toparlary gatnaşdy. Mähriban Watanymyzda geçirilýän her bir döredijilik bäsleşigi bagtyýar nesillerimiziň döredijilik ukyp-başarnyklaryny ösdürmekde, olaryň gözýetimlerini giňeldip, düşünjelerini artdyrmakda uly itergi berýär. Zehinli çagalary aýdym-saza, sungata, döredijilige höweslendirmek, olaryň zehinlerini açmak, başarjaňlary öňe çykarmak her bir geçirilýän döredijilik bäsleşigiň baş maksady bolup durýar.

Arkadagly Serdarymyz: “Siziň belent joşgunda ýerine ýetirýän aýdym-sazlaryňyz biziň halkymyzyň dünýä dolýan ykbalydyr, at-abraýy, mertebe-şanydyr, ýüreklere egsilmez şatlyk paýlaýan täsin sungatdyr. Garaşsyz Watanymyzyň beýik geljegi bolan ýaşlarymyzyň kalbynda sungata söýgini terbiýelemekde we ösdürmekde, zehin-başarnyklaryny ýüze çykarmakda hem-de kämilleşdirmekde “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň örän uly ähmiýeti bardyr” diýip belleýär. Özlerine bildirilen şeýle uly ynamy ödemekde we bagtyýar çagalyga, dost-doganlyga, ata Watanymyza, Arkadagly Serdarymyza bolan buýsanjy bäsleşige gatnaşýan çagalar gezekli-gezegine sahna çykyp, mahmal owazly, belent mukamly, joşgunly aýdym-sazlary, tans çykyşlary ýerine ýetirip, ol ýeri alaýaza beslemek bilen, ýygnananlara ruhy lezzet paýladylar. Ruhubelent çagalaryň we döredijilik toparlarynyň joşgunly çykyşlary geljekde milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürjek nesliň kemala gelýändigini dabaralandyrdy.

Bäsleşigiň emin agzalary bagtyýar çagalaryň ýerine ýetiren ajaýyp çykyşlaryna mynasyp baha berip, aýratyn tapawutlananlaryny ýüze çykardylar. Bäsleşige gatnaşan bagtyýar nesilleriň ählisine TMÝG-niň Görogly etrap geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Ogulbahar HOJABERDIÝEWA,

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň

17-nji orta mekdebiniň okuwçysy,

“Gulbaba” adyndaky çagalar baýragynyň eýesi.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 11 okalan

GADYMY KÖNEÜRGENJE SYÝAHAT

27 Noýabr 2024 | 77 okalan

ÝAŞLYGYŇ JOŞGUNY