Daşky gurşawy goramak ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlendi. Ykdysady we durmuş ulgamlaryndaky giň möçberli özgertmeler maksatnamalary ähli babatda adamlaryň abadançylygynyň aýrylmaz şerti bolan ekologiýa bilen ysnyşykly baglanyşyklydyr.
Ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça döwletimiz tarapyndan maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Daşky gurşawy goramak ulgamynyň kanunçylyk binýadyny has-da berkitmek we kämilleşdirmek boýunça hem netijeli işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda bilim ulgamynyň esasy ugurlarynyň biri bolan ekologiýa boýunça bilim bermegi kämilleşdirmekde köp işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, «Bilim hakyndaky» we «Tebigaty goramak hakyndaky» Kanunlaryna laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerinde ýurdumyzyň ekologiýasy we daşky gurşawy goramak baradaky okuw sapaklary okadylýar.
2023-nji ýylyň 16-njy martynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini we tebigata aýawly garaýşyny kämilleşdirmek, ekologiýa abadançylygyny wagyz etmek maksady bilen Kerki etrabynyň ýöriteleşdirilen 37-nji orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda “Ekologiýa abadançylygy adamzadyň ýagty geljeginiň kepilidir” atly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni E.Ýoldaşowa, mekdebiň mugallymy G.Aşyrowa dagylar çykyş etdiler.
Oýdin AŞIROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Kerki etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça hünärmeni.