ORAZA GELDI ILIME

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halky ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyza, ýol-ýörelgelerimize uly sarpa goýýar. Külli musulman ymmaty üçin aýlar içiniň serweri, her bir adamyň ýagşy umyt-arzuwlar, päklik bilen garşylaýan Oraza aýy ýetip geldi. Ine, halkymyz “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda her bir gününi ajaýyp ýeňişlere, ösüşlere besleýän il-ulsumyz köňül nur-çyragynda, sahawat-kereminde röwşenlenip gelen bu aýy ruhubelentlik bilen garşylady. Milletimiziň aýlaryň serweri bolan mübärek Remezan aýynda agyz bekläp, bedenini, ruhuny, kalbyny päklemegi-de, il-günüň ruhy erkinliginiň, synmaz döwletliliginiň alamatydyr. Bu beýik Taňrynyň kereminden öz eziz gören bendelerine bimöçber sahawaty bagyş etmeginiň hem şepagatydyr.

 Bu aý musulman dünýäsinde iň sogaply, ýagşylyklaryň ýaýylýan ajaýyp aýy hasap edilýär. Muny şygyrlaryna gudrat siňen Magtymguly atamyz:

“Ýylyň dört paslynda – on iki aýda

Remezan diýerler aýyň ýagşysyn”

diýip, Remezan aýynyň ajaýyplygyny beýan edipdir.

Türkmen halkymyz öz ykbalynyň asyrlar bilen ölçelýän dowamly taryhynda Oraza aýyna uly ähmiýet berip ýaşapdyr. Pederlerimizden galan nusgalyk ýoluň şu günlere çenli dowam edip gelşine görä, ýaremezan aýtmak Orazanyň buşlukçysy hasap edilýär. Agşamlara ýakymly owaz gatýan şatlykly ýaremezan bilen başlanýan Orazanyň öz düzgünleri bar.

Oraza tutmak ynsanlara ybadaty berjaý etmegi, şepagatly bolmagy ündeýär, nebsine buýurmaga, ýaramaz endiklerden saklanmaga kömek edýär. Aslynda, adamlar bütin ýylyň dowamynda bolluk bilen iýip-içip ýaşaýarlar. Her ýylyň dowamynda ýekeje aýda – Oraza aýynda agyz beklese, ynsanyň saglyk ýagdaýy has berkäp, gurbaty artýar.

Bu aýda Oraza tutmakdan başga sadakalar paýlamagyň, başgalara agyz açdyrmagyň, selälige turýanlaryň nahar-suwuny taýýarlamagyň hem ullakan sogaby bar. Pygamberimiz hadyslarynda: “Oraza tutuň, bedeniňiz berk we sagdyn bolsun!” diýipdir. Oraza kalbyň, bedeniň, ýagşy edep-ekramly bolmagyň tebibidir.

Gadyr gijesi bu mübärek aýyň nury-şuglasyny köňüllere bolluk bilen eçilýän, iň eziz hem mähirli gije bolup, ol Orazanyň ýigrimi altysyndan ýigrimi ýedisine geçilýän pursatdyr. Bu gije mukaddes Gurhanyň süreleriniň Arşdan ýere inip başlan gijesi hökmünde hem hatyralanýar. Gadyr gijesinde türkmen il-ulsumyz öz ojaklarynda nahar taýýarlap, birek-birege hoşniýetli sözleri aýdyp, maşgala agzybirligini, rysgal-döwletliligi dileg edýärler.

Bu mukaddes aý dilegleriň kabul bolýan aýydyr. Oraza aýynda dünýä ýüzüniň ähli musulmanlaryna ýagşylyk, eziz Watanymyza täze sepgitlere ýetmegi, halkymyza agzybirlik, bitewilik, türkmen halkynyň Milli Lideri hajy Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny Allatagaladan dileg edýäris. Goý, asuda asmanymyzda ýalbyrap dogan Oraza aýynda okaljak doga-dilegler, beriljek sadaka-pitreler, her bir päk arzuw-niýetler beýik Allanyň dergähinde kabul bolsun!

 

Altyn ATAKOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 11 okalan

GADYMY KÖNEÜRGENJE SYÝAHAT

27 Noýabr 2024 | 77 okalan

ÝAŞLYGYŇ JOŞGUNY