Türkmen halysy - türkmen halkynyň medeni gymmatlyklarynyň esasylarynyň biridir. Ussat türkmen halyçylary köp asyrlaryň dowamynda özboluşly halyçylygyň aýratynlygyny saklap gelipdirler. 2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Hökümetara komitetiniň nobatdaky 14-nji mejlisiniň dowamynda “Türkmenistanyň milli halyçylyk sungatyny” Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna girizmek baradaky karar bir agyzdan kabul edildi. Bu senetçiligi Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna girizilendigi örän guwandyryjydyr. Milli türkmen halyçylyk sungaty Türkmenistanyň ähli ýerlerinde ulanylýar we haly önümleri ýurduň ähli ýerlerine ýetirilýär, bu bolsa durmuş taýdan barabarlyk we dowamatlylyk duýgusyny döredip jemgyýetleri birleşdirýär. Türkmeniň at-abraýyny arşa göteren, milli hazynasy hasaplanýan halyçylyk işi bilen meşgullanmak, ony dünýä bazaryna çykarmak ukyplary türkmen zenanlaryna mahsus bolupdyr. Biziň şeýle asylly däbe eýerip ene-mamalarymyzdan bize miras galan halyçylyk senedimizi dowam etdirmekligi ýüreklerine düwen gaýratly zenanlarymyzyň bardygy bizi diýseň begendirýär. Ene-mamalarymyzyň asyrlarboýy on barmagynyň hünäri bolup, gün-güzeran dolamagyň akar çeşmesi bolan türkmen halysy her bir türkmeniň buýsanjy, onuň geçmişi, şu güni hem ýagty günlere besleýän ertirki güni, özi kimin nurlardan eýelenen.Ýekeje çitimiň sazlaşyp gitmegi bilen haly sungaty äpet gözellik bolup dünýä inýär. Ýürek mähri, zenan söýgüsi, gyz-gelinleriň pynhan syry siňdirilen gyzyl çog ýaly halynyň nagyşlary Günüň kuýaşy kimin gözüň ýagyny iýip barýar. Halkyň içinde haly dokamak işine ýöne ýere “Iňňe bilen guýy gazan ýaly” diýilýän däldir. Ol, hakykatdanam, şeýle. Halyçy zenanlar bilen gürrüňdeş bolanyňda, olar: “Bolsa bolubersin iňňe bilen guýy gazan ýaly. Halyny dokamak ýadadanok, gaýta çitimlerden göl-nagyşlary döredigiçe, oňa bolan mähriň, duýgularyň has-da hyjuwlanýar, basymrak soňuna ýetip, öz zähmetiňe guwanasyň gelýär, adamlara gözellik paýlaýandygyňa buýsanýarsyň” diýýärler. Gelin-gyzlaryň haly dokanlarynda barmaklarynyň hereketine göz ilmeýändigini synlanyňda, türkmen gelin-gyzlarynyň ählisiniň gan damarynda ajaýyp türkmen halysyna bolan yhlasyň, mähriň möwç urýandygyny duýýarsyň. Türkmen gelin-gyzlarynyň, umuman ähli zenanlarymyzyň, ene-mamalaryndan, ejelerinden haly dokamaklygy öwrenip, dokap bilýändigini buýsanç bilen aýdyp bileris. Özümiz hem heniz kiçi ýaşly gyzjagazkak ejemiziň haly dokaýan wagtlary hemişe ýanynda, elimize keser alyp, çitim çitmäge höwesek bolardyk. Bütin ömrüni halyçylyk sungatyna bagyşlan ene-mamalarymyzyň şu günki güne çenli halyçylyk senedimiziň ýetip geleni diýseň begendirýär. Gözüni açyp göreni haly-palas, gulagynyň ganany darak sesleri bolansoň, ýaşajyk gyzlarymyz hem halyçylyk hünärini ýürekden ýapyşyp, öz kärlerine ömürlik wepaly bolýarlar. Haly-palas önümleri täsin nagyşlary bilen bezelendir. Türkmen halysy asyrlaryň jümmüşinden geçip, öz nagyşlarynda taryhy we halkyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny şöhlelendirýär. Ol nagyşlaryň aglabasy gadymy döwürlerden bäri dowam etdirilip gelinýärdi. Haly dokalanda ilki toprakdan başlanýar we tamamlanlarynda hem toprak bilen kesýärler. Bu bolsa adam ömrüniň toprak bilen baglydygyny aňladýar. Türkmen halysyna salynýan her bir nagyş öz boluşly bir manyny aňladýar. Zemin gözelligini emele getirýän nagyşlar bir-birinden owadan, nepis bolup, olar hala çitilende adamyň gül ýaly ýaşap, ösüp-örňäp gitmegi dileg edilip ähli umyt arzuwlaryny siňdirilipdir. Merdana türkmen halky özüniň begenji, şatlygyny, buýsanjyny hem köňül hasratyny siňdiren ajap halysyny agzybirligiň ajap tugy edinip, dünýä ýüzüne çykandyr. Tuguň belent bolmagy milletiň ümzüginiň öňe sary ilerleýändigine, ruhunyň arşa galýandygyna şaýatlyk edýär. Milletimiziň inçe senediniň şöhrat-şanyny has-da belende götermek, onuň at-owazasyny dünýä ýaýmak boýunça alnyp barylýan işleriň özeninde milli buýsanç ýatandyr. Türkmen halysynyň baýramynyň ählihalk toý edilip bellenmegi, bu baýramçylyga gabatlanyp ussat halyçylara şa serpaýlarynyň ýapylmagy, halyçylyk sungatyna bagyşlanan halkara sergileriň we ylmy maslahatlaryň geçirilmegi gymmatly milli medeni mirasymyzy öwrenmek işiniň döwlet derejesinde ileri tutulýandygyna şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda mähriban topragymyzyň her bir daban ýeriniň güllere beslenýän ajap zamanamyzda türkmen halyçylyk sungatymyz täze öwüşginler, täze mazmun bilen baýlaşýar. Nepis halylarymyz milli buýsanjymyz bolmagynda galýar we hut şu mazmunda dowamatyň altyn sapagyna öwrülýär. Şeýle ajaýyp giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolup, Türkmenistan döwletimiziň dowamaty dowam bolsun!
Güljahan GARAÝEWA,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat
etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.