ARKADAG ŞÄHERI – BAGTYŇ ŞÄHERI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda döwletimiziň ösüşiniň täze tapgyrynda Watanymyzy syýasy ykdysady medeni taýdan ösdürmekde ýurdumyzda binagärlik we şäher gurluşyk işini ýokary derejelere ýetirmekde ýaşamak üçin has oňaýly şertler döredilen döwrebap obalary şäherçeleri şäherleri gurmakda durmuşymyzyň ähli ugurlaryna sanly ulgamy ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmakda sebitleri hemmetaraplaýyn we gyradeň ösdürmekde giň gerimli işler üstünlikli alnyp barylýar. Türkmen tebigatynyň gözel  künjekleriniň  birinde bina edilen Arkadag şäheriň berkarar döwletimiziň güýç kuwwatyny we ägirt uly ösüş mümkinçiligini bütin dünýä äşgär edilýändigini Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz belläp bu ýerde milli we häzirki zaman binagärligiň ösen tejribeleri utgaşdyrylyp önümçilik medeni durmuş maksatly desgalary ýaşaýyş jaýlaryň gurluşygynyň Akylly şäher konsepsiýasy esasynda alnyp barylmagynyň ata Watanymyzyň döwrebap ösüşleriniň milliligimize goýulýan sarpanyň aýdyň nyşanydyr. Arkadag şäheriniň ýaşlaryň şäheri hökmünde ykrar edilmegi biz ýaşlary guwandyrýar. Arkadag şäheriniň geljekki ösüşinde häzirki döwürde ýeten derejesi halkymyzyň bagtyýar durmuşynda öz beýanyny tapýar. Arkadag şäherinde 2 sany etrap häkimligi döredilip olara Kärizek we Gorjaw atlary dakyldy. Häzirki döwürde “Arkadag şäherinde” dürli maksatly desgalaryň 336-synyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bu işlerde ýaşlaryň tekliplerine täzeçil garaýyşlaryna uly üns berilýär. Şeýlelikde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen täze şäher sözüň doly manysynda ýaşlaryň şäherine öwrüldi. Arkadag şäheriniň ýaşlaryň şäheri hökmünde ykrar edilmeginiň Türkmen halkynyň Milli Lideriniň onuň binýadynda halkymyzyň şöhratly taryhynyň, milli binagärlik ýörelgeleriniň bardygy bu ýerde täze şäheriň gurulmagy bilen taryhda öçmejek yz goýan şahsyýetleriň atlaryny ebedileşdirilmegi biz ýaşlary has-da buýsandyrýar. Biz ýaşlara şular ýaly döwrebap durmuşda ýaşamaga uly mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza peder ýoluny dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny alyp  barýan il – ýurt bähbitli umumy adamzat ähmiýetli işleriniň rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

 

Humaý ATAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň

Büzmeýin etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

18 Mart 2025 | 46 okalan

PARAHATÇYLYK: ÝAŞLARYŇ SESI

18 Mart 2025 | 17 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

18 Mart 2025 | 18 okalan

TÄSIRLI GEÇEN SÖHBETDEŞLIK