“SPORT – SAGLYGYŇ SAKASY”

Saglygyň ýokary döredijilik işjeňliginiň, zähmete ukyplylygyň we bagtyýarlygyň gözbaşy bolup durýandygy sebäpli, her bir ynsanyň saglygynyň diňe bir onuň özi babatda däl-de, eýsem, jemgyýetçilik gymmatlygyny hem döredýär. Şonuň üçin hem Bütindünýä saglyk gününiň ýurdumyzda giňden bellenilmegi möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän lukmançylyk merkezleri, şypahanalar, derman kärhanalary we milli saglygy goraýyş ulgamyny täze derejä göteren beýleki ugurdaş desgalar guruldy. Döwletimiz häzirki zaman sport-sagaldyş düzüminiň giňeldilmegine hem-de häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmegine ägirt uly serişde gönükdirýär. Watanymyzda halkymyzyň saglygyny goramak, olaryň zyýanly endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak ugrunda tutumly işler durmuşa geçirilýär. Ajaýyp zamanamyzda Türkmenistanyň alyp barýan giň gerimli syýasaty netijesinde halkymyzyň saglygy, onuň abadançylygy, bedenterbiýe-sport hereketi esasy ýörelgeleriň birine öwrüldi. Däp bolşy ýaly, her ýylyň aprel aýynyň 7-ne dünýäde, şeýle-de biziň ýurdumyzda Bütindünýä saglyk güni giň gerimde dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy her ýyl şol güni bir mowzuk esasynda guraýar. Şeýle hem 7-nji aprelden başlap, bir hepdäniň dowamynda saglyk, sport boýunça mahabat, wagyz-nesihat çäreleri bütin dünýäde geçirýär. Bütindünýä Saglyk gününiň bellenilmeginiň esasy maksady adamlaryň durmuşynda saglygyň tutýan ornunyň giňligini düşündirmek bolup durýar. Türkmenistanda hem baýramçylygyň çäklerinde bedenterbiýe-sagaldyş hereketleri, saglygy goramak boýunça wagyz-ündew duşuşyklary, köpçülikleýin sport we beýleki çäreler ýaýbaňlandyrylýar. Şolar bilen bir hatarda sport medeniýetini ösdürmäge hem aýratyn üns berilýär. “Saglyk” döwlet maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. Şonuň esasynda ýurdumyzda sport bilen meşgullanmak, saglygyňy goramak we dikeltmek üçin hem ähli şertler döredilen. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” ýurdumyzda adamlaryň saglygyny goramak wezipesi giň ulgama eýedir. Ol lukmançylyk hereketleri, şypahana-sagaldyş, dynç alyş, sport-bedenterbiýe, ekologiýa baradaky aladalary, arassaçylygy, sagdyn ýaşaýyş endiklerini öz içine alýar. Bu bolsa her bir adamyň beden hem ruhy taýdan sagdyn bolmagyny üpjün edýär. Şu maksatdan ugur alyp TMÝG –niň Etrek etrap Geňeşi, TKA-nyň Etrek etrap birleşmesi, TDP-niň Etrek etrap komiteti, Etrek etrap bedenterbiýe we sport bölümi bilen bilelikde ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň döredijilik we sport bilen meşgullanmagyny, ukyp-başarnyklarynyň doly ýüze çykarylmagyny gazanmak maksady bilen “Sport saglygyň sakasy” ady bilen etrabyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň arasynda wagyz – nesihat çäresi geçirildi.

Çäräniň ahyrynda çykyş edenler harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärlerine döredip berýän mümkinçilikleri üçin Arkadagly Serdarymyza hoşallyklaryny bildirdiler. Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, başynyň dik, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç almagyny arzuw etdiler.

 

Rahmanberdi ABDYLWELIÝEW,

TMÝG-niň Etrek etrap

Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR