SAGLYK-DÖWLETLILIGIŇ GÖZBAŞYDYR

Türkmen halky bu gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik iş;eriň, döwrebap özgertmeleriň, halkara ähmiýetli wakalaryň şaýady bolup bagtyýar durmuşda ýaşaýar, gurýar, döredýär. Ýurdumyz Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Bu beýik ösüşler Gahryman Arkadagymyzyň dünýä nusgalyk beýik işlerinden gözbaş alýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly Baştutanlygynda ýurdumyzyň ilatynyň saglygyny goramak, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde alnyp barylýan döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiz «Il saglygy-ýurt baýlygy» şygaryny öňe sürüp, ilatyň saglygyny goramakda uly aladalar edýär. Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda ýeten sepgitleri halkara derejesinde hem doly ykrar edilýär. Welaýatymyzyň Türkmenabat şäherinde Sebitde iň iri lukmançylyk merkezi bolan dünýä ülňülerine laýyklykda enjamlaşdyrylan welaýat köpugurly hassahanasynyň, hem-de ýokanç keseller hassahanasynyň gurlup ulanylmaga berilmegi hem Hormatly Prezidentimiziň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli amala aşýandygyna şaýatlyk edýär.

Türkmenistan döwletimiz Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň wekilidir. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy bolan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda Bütindünýä saglyk gününiň, Çagalary goramagyň halkara gününiň döwlet derejesinde bellenilmegi Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň saglygyny goramakda taýsyz tagallalarynyň netijesidir.

«Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň ilkinji tapgyrlarynda lukmançylykda häzirki zaman şypahana dynç-alyş ulgamy döredildi. Ýurdumyzyň derman senagaty berkidildi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen lukmançylykda resminamalaryň sanly elektron dolandyryş usuly döredildi. «Türkmendermansenagat» birleşigi «Saglyk» derman kärhanasyny, «Buýan» oba senagat toplumyny, «Berzeňňi» bejeriş mineral suw kärhanasyny, «Tenekar» derman palçyklaryny we deňiz duzuny gaplamak kärhanasyny öz içine alýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli düýpli ylmy işi lukmanlaryň, ylmy işgärleriň ýan kitabyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz saglygyň girewi bolan bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge, halkyň arassa agyz suwundan peýdalanmagyna aýratyn üns berýär. Halkymyzyň sagdyn, ruhubelent, ýaşamagyna gönükdirilen ajaýyp işleriň sakasynda «Döwlet adam üçindir!» diýen giň maksatnamalaýyn ýörelgesiniň,onuň dowamy bolan eden «Watan diňe halky bilen Watandyr!», «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarynyň durandygyny nygtamak örän buýsançly. Arkadagly Serdarymyz Gurultaýda eden taryhy çykyşynda : «Ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň ýokary hilli bilim almagy, döredijilik we sport bilen meşgullanmagy, ukyp-başarnyklaryny doly ýüze çykmagy üçin ähli şertleri döretmeli» diýen pähim-paýhasly tabşyryklaryndan ugur alyp, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, sport ýaryşlaryny geçirmek işlerini talaba laýyk ýola goýýarys. Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Dänew etrap Geňeşi we beýleki jemgyýetçilik guramalary bilelikde Hormatly Prezidentimiziň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrýan düýpli özgertmeleriniň many-mazmunyny ýaşlaryň, halk köpçüliginiň arasynda wagyz-nesihat işleri yzygider geçirilýär.

Beýik işler, belent maksatlar bilen täze üstünliklere ruhlandyrýan Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, döwletli tutumlarynyň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

 

Jemal BAZAROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Dänew etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

16 Iýun 2025 | 3 okalan

BAGTYÝAR DÖWRÜŇ BAGTLY ÇAGALARY

13 Iýun 2025 | 85 okalan

SPORT SAGDYN ÝAŞAÝŞYŇ GÖZBAŞY