“GEÇMIŞDEN GELJEGE ÝAGTY ÝADYGÄR- MEDENI MIRASYM DÜNÝÄ ÝAŇ SALÝAR”

Eneleriň edebinden, mährinden geçmişimiz, geljegimiz, ömrümiz şuglalydyr. Gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan milli gymmatlyklarymyzyň dowamat-dowam bolmagyna eneleriň goşan goşantlary ägirt uludyr. Eneler öz kalbynyň owadanlygyny el işleriniň üsti bilen beýan etmek arkaly ruhy gözelligi hem döredijilerdir.

Munuň şeýledigini Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň gurnamagynda ýaş nesillerde ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza, milli medeniýetimize, däp-dessurlarymyza, taryhy we medeni mirasymyza hormat goýmak we aýawly garamak endiklerini terbiýelemek, ösüp gelýän ýaş nesilleriň ene-mamalarymyzdan miras galan el işlerine, kesp-kärlerine bolan höweslerini artdyrmak, hünäre söýgi döretmek maksady bilen mekdep okuwçylaryň arasynda “Geçmişden geljege ýagty ýadygär-medeni mirasym dünýä ýaň salýar” atly şygar astynda geçiren el işleriň bäsleşiginde aýdyňlygy bilen görmek boldy. El işlerini sungat derejesine ýetirmegi başaran enelerimizden miras galan asylly däpler häzirki wagtda hem gelin-gyzlarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Döredijilik bäsleşige gatnaşan mekdep okuwçy gyzlar hem özleriniň el-hünär işleriniň dürli görnüşleri boýunça ukyp başarnyklaryny görkezdiler. Döredijilik bäsleşiginde ýeňiji bolanlara TMÝG-niň Türkmenbaşy etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Bäsleşige gatnaşan mekdep okuwçylar döredijilik bilen meşgullanmaga döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Şirinnabat SARJAGULOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň

Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR