Derä çümen islendik tikeni, hatda iň kiçijigini hem çykarmaga kömek edýän bir usul bar. Şeýle usul bilen ony çalt we agyrysyz aýryp bolýar. Ilkinji kömegi bermek üçin gerekli zat kiçijik çüýşe gaby. Bu gabyň içini bug ýa-da gyzgyn suw bilen gyzdyryp, deriniň tiken çümen ýerine berk ýanaşdyrmaly. Çüýşe gabyň içinde basyşyň emele gelmegi bilen deriden tikeniň öz-özi çykýar. Adatça, bu usulyň netijesini görmek üçin bäş sekunt ýeterlikdir. Eger birinji synanyşykda tiken çykmasa, bu usuly gaýtalap bilersiňiz.
Gülleri uzak wagtlap terligine saklamagyň usullary kän. Kimdir biri güldanyň suwuna aspirin ýa-da spirt goşmak usulyny ulansa, ýene biri bir gije sowuk suwa batyryp goýmak bilen, gülleriň terligini saklamaga çalyşýar. Ýöne onuň barlagdan geçen köne usulyny welin, näme üçindir hiç kim ulanmaýar. Oňa laýyklykda, gülleri ilki gyzgyn suwa salmaly, suw sowandan soňra baldaklarynyň ujuny kesip, sowuk suwa salmaly. Bu usul geň görünse-de, netijesi gowudyr. Ulanyp görmek bilen, oňa özüňiz hem göz ýetirersiňiz.
Gap-gaçlary ýuwanyňyzdan soň ýa-da bu işiň dowamynda, köplenç, bulgurlaryň ikisi biri-biriniň üstüne geýdirilip goýlanda, olaryň biri-birine ýapyşyp, aýrylmaýandygy ýüze çykýar. Bu ýagdaýdan baş alyp çykmak üçin fizikanyň subut edilen usullaryny ulanaýmaly. Aşaky bulgury gyzgyn suwa düşürmeli, ýokarky bulgura sowuk suw guýmaly. Şeýle ýönekeý usul olaryň biri-birinden aňsatlyk bilen aýrylmagyna kömek eder.
Egin-eşikdäki tegmilleri, esasan-da, ýagly, çaý, kofe, ketçup tegmillerini aýyrmak üçin diňe bir kir ýuwujy enjamda ýuwmak ýeterlik däl. Bu hili tegmilli egin-eşigi kir ýuwujy enjamda ýuwmazdan ozal, gap-gaç ýuwujy serişdäni tegmile çalyp, 5 minut goýmaly, soňra ýuwarsyň welin, el bilen aýrylan ýaly bolaýar. Bu usul täze dörän tegmillerde has netijelidir.
Kir ýuwujy enjamda ak egin-eşikleri ýuwmak, der yzynyň tegmilleriniň aýrylmagyny kepillendirmeýär. Şoňa görä, olary ýuwmazdan ozal, der yzlaryny aýyrmak üçin limon bilen nahar sodasyny ulanyp bilersiňiz. Limon şiresi bilen nahar sodasyny 1:1 deňlikde garyp, eşigiň tegmilli ýerine çalmaly we 15 minuta golaý saklamaly. Soňra olary kir ýuwujy enjamda adaty usulda ýuwaýmak galýar.
Reňkli egin-eşikleriň reňkiniň ýitiligini uzak saklamak üçin, duzly suwda ýuwmaly. Duz reňkleri mata süýümlerini berkidýär we reňkiniň ýitiligini uzak wagtlap saklaýar.
E.ANNAGELDIÝEWA
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň guramaçylyk
ölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.