IŞJEŇ HEREKETDÄKI SPORT SYÝASATY

Sport arkaly parahatçylyk, özara jebislik we agzybirlik, dostluk-doganlyk gatnaşyklary berkidilýär, ösdürilýär. Şeýle gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berýän ýurdumyza halkara sport ýaryşlaryny geçirmek hukugynyň yzygiderli berilýändigi örän buýsandyryjydyr. Häli-şindi geçirilýän awtoralli ýaryşlarynyň, Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň ýurdumyzda geçirilmegi hem sport döwletidigini bütin dünýä äşgär etdi.

Sport ulgamynda oňyn syýasaty alyp barýan Türkmenistan Olimpiýa hereketiniň belent ynsanperwer maksatlaryna mydama ygrarlydyr. Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bolsa, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän sport syýasatyny goldaýar we öz nobatynda ýurdumyz bilen sport ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirýär. Iki tarapyň arasyndaky birek-birege bolan ynam, dostluk, hormat we hoşniýetli gatnaşyk, özara arkalaşyga meýilli syýasy erk-isleg diplomatik gatnaşygy berkitmekde we onuň mümkinçiliklerini giňeltmek arkaly has-da netijeli hyzmatdaşlyk etmekde berk esas boldy. Şunlukda, Türkmenistan ilkinji gezek sebitde iri Olimpiadany — Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny kabul etdi. Muňa dünýäniň 62 döwletinden müňlerçe türgenler gatnaşyp, dünýäniň ençeme köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ady äleme dolýan türkmen sportunyň şan-şöhratyny bütin dünýä giňden beýan etdiler. Bu bolsa, Watanymyzyň at-abraýyny has-da belende galdyrdy.

Sportuň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugur hökmünde has-da ösdürilmegi, ilkinji nobatda, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketlerini alyp barmaga, wagyz etmäge, şol bir esasda köp sanly raýatlary giňden çekmek arkaly sportuň ähli babatda netijeliligini artdyrmaga, jemgyýetimizde sagdyn-durmuş ýörelgelerini kemala getirmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzda sportuň döwrebap düzüminiň kemala gelmegine gönükdirilen ähli çäreler uzak geljek üçin berk bedenli, gujur-gaýratly, sagdyn pikirlenýän nesli, kämil jemgyýeti kemala getirmegi ugur edinýär. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän sport desgalary yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär. Netijeli türgenleşikleri alyp barmak üçin ähli zerur şertleriň döredilýän döwründe şeýle mümkinçilikleri iş ýüzünde ulanmagy başarýan, sport enjamlaryna we sportuň görnüşleriniň tilsimlerine erk etmäni başarýan hünärmenleri, tälimçileri we türgenleri taýýarlamak wezipesine hem aýratyn üns berilýändigini bellemek zerurdyr. Munuň özi, sportuň netijeliliginiň has-da artdyrylmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

Kalby bagtyýarlykdan, ýürekleri Watana bolan söýgi bilen gurşalan türgenler we tälimçiler rowaçlyga beslenýän türkmen sportunyň at-abraýyny barha belende galdyrýarlar. Olaryň halkara derejesinde ýeňiş serpaýlary has-da artýar. Älem giňişliginde buýsançly we ynamly belentden pasyrdaýan ýaşyl tugumyzyň özboluşly pasyrdysy ýurdumyzyň ägirt uly üstünlikleriniň we belent at-abraýynyň aýdyň nusgasyna öwrülip, belentden pasyrdaýar. Sport bilen meşgullanmak indi raýatlarymyzyň asylly endigine öwrüldi. Çünki sport — sagdynlykdyr hem bagtyýarlykdyr.

 

Nurýagdy GALPAKOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat

Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 11 okalan

GADYMY KÖNEÜRGENJE SYÝAHAT

27 Noýabr 2024 | 77 okalan

ÝAŞLYGYŇ JOŞGUNY