ENÄ TAGZYM — MUKADDESLIGE TAGZYM

14-nji aprelda paýtagtymyzdaky Hezreti Omar metjidinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mähriban käbesi, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow enesi Ogulabat Berdimuhamedowany hatyralap, belli gün agzaçar sadakasyny berdiler.

Täze taryhy eýýamda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem ata-babalarymyzyň parasatly däp-dessurlaryny aýawly saklamakdan we dowam etdirmekden, jemgyýetde milletiň gadymdan gelýän, onuň täsin mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan ruhy-ahlak gymmatlyklaryny berkitmekden ybaratdyr.

Ogulabat ejäniň ýagty ýadygärliginiň hatyrasyna bagyşlanan sadakanyň mukaddes Oraza aýyna gabat gelmeginiň ähmiýetini bellemeli. Onuň ýagşy dessurlarynda müňýyllyklaryň dowamynda mähriban halkymyzyň baý durmuş tejribesine laýyklykda kämilleşdirilen, nesilden-nesle geçirilip gelnen belent ynsanperwerlik ýörelgeleri öz aýdyň beýanyny tapýar. Rehim-şepagatlylyga hem-de asylly işleri amala aşyrmaga çagyrýan we ýagşy dilegleriň kabul bolýan aýy ynsanlaryň iň gowy häsiýetleriniň, onuň ruhy taýdan täzelenmeginiň nyşany hasaplanylýar.

Nesilleri baglanyşdyrýan we birleşdirýän asylly ýörelgelerden ugur alnyp, aramyzdan gidenleriň ruhlarynyň şat bolmagynyň hatyrasyna doga-dilegler edilýär, ýakynlarymyzyň, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine saldamly goşant goşan hem-de watançylygyň, milli mukaddesliklere wepalylygyň aýdyň nusgasy bolan ildeşlerimiziň ýagty ýadygärligi hatyralanýar.

Ogulabat Berdimuhamedowa bütin ömrüni mähriban halkymyza we eziz Watanymyza, öý-ojagyna, nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge bagyşlady. Zähmetsöýerlik we gaýduwsyzlyk, hoşniýetlilik we myhmansöýerlik, beýlekilere kömek bermäge taýýarlyk, maşgala gymmatlyklaryna wepalylyk onuň häsiýetiniň tapawutly taraplary bolup durýardy. Bu belent häsiýetleriň netijesinde Ogulabat eje ildeşlerimiziň tüýs ýürekden çuňňur hormatyna mynasyp boldy.

Ogulabat eje ýanýoldaşy Mälikguly aga bilen bilelikde çagalaryny türkmen maşgalasynyň iň gowy däplerine laýyklykda terbiýeledi, agtyklary we çowluklary barada ýürekden aladalandy. Ol perzentleriniň kämil şahsyýetler we mynasyp ynsanlar bolup ýetişmekleri üçin ähli tagallalary etdi. Ene-atanyň terbiýesi we şahsy göreldesi Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň durmuş ýoluny kesgitledi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, çaganyň iň gowy häsiýetleri ene mähri, aladasy we söýgüsi bilen kemala gelýär.

Ogulabat eje milli gymmatlyklarymyzyň döwrebap derejede ösdürilmeginde, halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän ýörelgeleriniň dowam etdirilmeginde, el işlerine juda ussat halypa hökmünde bu beýik sungaty nesillere geçirmekde, mynasyp şägirtleri ýetişdirmekde taýsyz hyzmatlary bitirdi. Häzirki ýaşlar üçin onuň asylly zähmeti görüm-göreldedir, ähli ildeşlerimiz üçin aýdyň nusgadyr. Ogulabat eje baradaky hakyda biziň ýüreklerimizde hemişelik galar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň: «Biz ata-enelerimiziň we maşgalanyň mukaddesligini arşa göterýän halkdyrys!» diýen parasatly sözleri maşgala mukaddesliginiň bütin halkyň mertebesi bilen berk baglanyşyklydygyny tassyklaýar.

Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eserinde belleýşi ýaly, eneler ähli baýlyklaryň seresidir. Olar ýanymyzdaka, dünýämiz doludyr. Eneler ýagty jahan bilen hoşlaşsalar-da, hemişe perzentleriniň ýanyndadyr, olaryň ýüreginde ýaşaýandyr...

Milletiň käbesi Ogulabat eje hem, Watanyň wepaly ogly Mälikguly aga ýaly, külli musulman dünýäsinde aýlaryň serweri hasaplanylýan mübärek Remezan aýynda bakyýete göç etdi. Goý, onuň jaýy jennet bolsun!

...Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de hormatly Prezidentimiz metjide geldiler. Bu ýerde Türkmenistanyň müftüsi Beýik Biribardan doga-dileg edýär.

Soňra Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Serdarymyz sadakanyň berilýän jaýyna barýarlar.

Nahar çekilmezden öň, türkmen halkynyň Milli Lideri ýygnananlara ýüzlendi.

Gahryman Arkadagymyz hemmeler bilen mähirli salamlaşyp, şu gün halkymyzyň mukaddes däp-dessuryny, ynsanlyk borjumyzy berjaý edip, käbäm ejem Ogulabat Berdimuhamedowany hatyralap, mukaddes Remezan aýynda belli gün agzaçar sadakasyny berýäris diýip belledi. Ejemiň aradan çykmagy zerarly, köp sanly raýatlarymyz, şeýle hem dürli ýurtlaryň döwlet hem-de hökümet ýolbaşçylary gynanç bildirýärler. Munuň üçin ähliňize taňryýalkasyn aýdýaryn diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.

Käbäm ejemde hemme enelere mahsus ýagşy gylyk-häsiýetler jemlenipdi. Ene mähri, ene mukaddesligi tutuş dünýäni saklap duran güýçdür diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi.

Her bir adamy zähmet taplaýar. Ejem ömrüň manysyny zähmeti söýmekde, halal ýaşamakda görerdi. Kakam Mälikguly aga bilen bilelikde ol biziň mynasyp adamlar bolup ýetişmegimiz üçin kän tagalla etdi diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Maşgalada ata — ata ýerinde, ene — ene ýerinde bolsa, perzentler hem durmuşda hökmany öz ornuny tapýar. Olar bizi şeýdip ulaltdylar. Türkmençilik däp-dessurlary barada köp adamlar ejeme geňeş salardylar. Arassaçylyk, zähmetsöýerlik onuň öz perzentlerinden hem edýän esasy talabydy. Ol kitaplary, hatda gündelik gazet-žurnallary okamaga hem wagt tapýardy diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.

Kakamdyr ejemiň beren edep-terbiýesi maňa durmuş ýolunda hemişe medet berip geldi. Men ejem bilen bagly ýatlamalarymy kitaplarymda hem paýlaşypdym. Onuň ýönekeýligi, sadalygy hemmämize nusgady. Ol durmuş ýoluny mertlik bilen geçip, nesillerine görelde bolmagy başardy diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz gürrüňini dowam edip, mähriban käbesiniň çagalyk döwrüniň uruş ýyllaryna gabat gelendigini belledi. Şol döwrüň çagalary açlygy gördüler. Şondan soň bolup geçen Aşgabat ýertitremesi uly betbagtçylyklary getirdi. Ýöne durmuş ýolunda nähili kynçylyklar dörese-de, olar muny mertlik we gaýduwsyzlyk bilen ýeňip geçmegi başardylar. Şeýlelikde, olaryň agyr ýyllarda mertlik bilen geçen durmuş ýoly geljekki nesillere nusga boldy diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri käbesi baradaky ýatlamalaryndan gürrüň berdi.

Maşgalamyzda el hünäri türkmençiligiň bozulmaz kadasyna öwrülipdi. Ol öz el işlerine söýgüsini, mähirdir yhlasyny siňdirerdi. Biz milliligimizi gorap saklap, bu ýoly hemişe dowam etdirmelidiris. Gadymdan gelýän däp-dessurlarymyz atadan — ogullara, eneden — gyzlara geçmelidir. Dowamat-dowam bolmalydyr diýip, hormatly Arkadagymyz nygtady.

Her bir enäniň esasy maksady — perzendini edep-terbiýeli ösdürip ýetişdirmek, ony ile goşmak. Şoňa görä-de, adam üçin ata-enesini razy etmekden, olaryň ynamyny ödemekden uly bagt ýokdur. Adam ömrüniň iň gymmatly günleri eneli-ataly pursatlarydyr, olar bilen bilelikde geçiren günleridir diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi.

Käbäm Ogulabat eje hem, kakam Mälikguly aga ýaly, mukaddes Remezan aýynda Hakyň rehmetine gowuşdy. Bu ýagdaý Biribaryň ýalkawyndan nyşan hasaplanýar diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Sözüniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow: “Maşgala ojagyna wepadarlygyň, mähribanlygyň nusgasyny görkezen ejem Ogulabat ejäni hatyralap berilýän sadaka, okalýan aýat-töwirler Allatagalanyň dergähinde kabul bolsun! Käbämiň ýatan ýeri ýagty, jaýy jennet bolsun!” diýip belledi.

Köpasyrlyk däbe görä, merhumyň hatyrasyna tebärek çykylandan soň, agzaçar sadakasyna gatnaşyjylara nahar çekildi.

Nahardan soň, Türkmenistanyň müftüsi Gahryman Arkadagymyzyň mähriban ejesi we Arkadagly Serdarymyzyň eziz enesi, Watanymyzyň wepaly zenany Ogulabat ejäniň jaýynyň jennetde bolmagyny dileg edip, aýat-töwir okady.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýygnananlara: “Goý, Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyz asuda, mukaddes ojaklar abadan, saçaklar rysgal-bereketli bolsun!” diýen sözler bilen ýüzlendi.

Agzaçar sadakasy tamamlanandan soň, Gahryman Arkadagymyz öz gynanjyny beýan eden adamlaryň hemmesine ýene bir gezek tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

***

Şu gün paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň metjitlerinde agzaçar sadakalary berildi. Bu sadakalar mähriban halkymyzyň mukaddes Oraza aýy bilen bagly asyrlar aşyp gelýän asylly däbiň dowamy bolmak bilen, Gahryman Arkadagymyzyň käbesi hem-de Arkadagly Serdarymyzyň enesi Ogulabat ejäniň ýagty ýadygärligine belent hormat-sarpanyň nyşanydyr. Sadakalardan soň, metjitlerde tarawa namazy okaldy.

Umumadamzat medeniýetini ýokarlandyrmaga ägirt uly goşant goşan ata-babalarymyzyň mizemez ruhy gymmatlyklary we pähim-paýhasly durmuş ýörelgeleri biziň milli baýlygymyzdyr. Döwürleriň aýrylmaz arabaglanyşygy hem-de nesilleriň dowamatlylygy häzirki döwürde jemgyýetimiziň sazlaşykly ösmegine, onuň agzybirliginiň we jebisliginiň has-da berkemegine ýardam edýär.

Türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda emele gelen asylly däplere ygrarlylygynyň çuňňur manysy bar. Onda milletiň ruhy päkligi, rehim-şepagatlylygy, ynsanperwerligi aýdyň beýanyny tapýar.

Metjitlerde berlen agzaçar sadakalarynda, şeýle hem tarawa namazlarynda halkymyzyň abadançylygy we Türkmenistanyň gülläp ösmegi barada doga-dilegler edildi, Watanymyzyň mynasyp gyzy Ogulabat Berdimuhamedowanyň jaýynyň jennet bolmagynyň hatyrasyna aýat-töwir okaldy.

Goý, şu gün berlen agzaçar sadakalary we okalan aýat-töwirler Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!

Goý, türkmen topragynda hemişe parahatçylyk, ylalaşyklylyk we abadançylyk bolsun! Kabul bolsun!