AHLAK ARASSALYGY RUHY TÄMIZLIK

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir raýatyň saglygy umumymilli baýlygymyzyň esasy bölegi bolup durýar. Şonuň üçin Hormatly Prezidentimiziň baş aladasy netijesinde, ýurdumyzda jemgyýeti sagdynlyga çagyrýan düýpli çäreler geçirilip, bu ugurda nesil terbiýesine aýratyn üns berilýär. Şeýle çäreleriň maksady sagdyn durmuşyň adamlar üçin kada öwrülmegini gazanmakdan, Watanymyzyň beýik geljegi üçin sagdyn ýaşlary ýetişdirmekden, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir gününi saglyk gününe öwürmekden, adalatly raýat jemgyýetimize saglyk medeniýetini ykjam ornaşdyrmakdan ybaratdyr. Ýaşlarymyzyň sport ulgamynda ýetýän belent sepgitleri eýeleýän uly ösüşleri ýurt baştutanymyzyň türkmen sportuny ösdürmekde alyp barýan işleriniň çäksizliginiň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdymyzda bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagyny gazanmak hem-de ýokary netijeli sporty ösdürmek babatda uly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň baş maksady, Sagdyn döwletiň özenini düzýän sagdyn jemgyýeti kemala getirmek bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň döwrebap ylymly-bilimli bolmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyndan esaslanyp ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklar, milli däp-dessurlary wagyz etmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, watan söýüjililigi, jogapkärçiligi we zähmete söýgini terbiýelemek maksady bilen dürli pudak edaralarda, ýagny gurluşyk, oba hojalyk, sport-syýahatçylyk, dokma pudagy we ýokary okuw hem-de orta hünär, orta mekdeplerinde, çagalar baglarynda wagyz-nesihat duşuşyklar, sport, medeni-köpçülikleýin dabaralar we bäsleşikler, gezelençler şeýle hem düşündiriş işleri yzygiderli durmuşa geçirilýär. Ynha şol maksat bilen Büzmeýin etrap häkimligi, TDP-niň Büzmeýin etrap komiteti we TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda Aşgabat şäheriniň 2-nji saglyk öýüniň mejlisler jaýynda zähmet çekýän işgärleriň gatnaşmagynda “Ahlak arassalygy ruhy tämizlik” atly şygar astynda wagyz-nesihat we maslahat duşuşygy geçirildi.

 

Mährijemal ATAÝEWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin

etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

04 Iýul 2025 | 1 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI

04 Iýul 2025 | 1 okalan

PARAHAT ILIMDE ŞAT ÇAGALAR BAGTYÝAR

03 Iýul 2025 | 32 okalan

ÇEKELEŞIKLI BÄSLEŞIKLER GEÇIRILDI