TÜRKMEN KEÇESI

Gadymy döwürlerden biziň günlerimize gelip ýeten keçe ynsanyň saglygy üçin örän ýaramlydyr. Aýratynda ol çygy özüne çekýänligi üçin gury agyryda sowuklamada peýdalydyr. Şonuň üçin hem ir döwürlerde ata-babalarymyz ak öýleriň içine keçeleri gat-gat düşäp üstüne haly ýazypdyrlar. Öýüň gapdallaryny üstünede ak keçe bilen örtüpdirler. Şeýlelik-de, keçe geçmişiň gyşyň aýazly günlerinde türkmeniň öýüni ýyly saklap tomsuň jokrama yssysynda ýelli ýagmyrly howada-da tebigatyň görkezýän oýunlaryndan gorapdyr. Häzirki wagtda bolsa obalarda şäherlerde öýleriň bezegi bolup dur. Düýp keçe çeper elli zenanlarymyzyň myhman otaglary üçin niýetläp taýýarlanýan keçesidir.Bulardan başgada on barmagyň hünärli zenanlarymyz keçeden namazlyk atlar üçin içergi at keçe dürli torbalary we beýleki zerur zatlary ýasapdyrlar.

 

Arzygül BAÝRAMOWA

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar Guramasynyň Ahal welaýatynyň

Gökdepe etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

23 Sentýabr 2024 | 222 okalan

OGUZ HAN WE OGUZ NAMALARY