2023-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, Kerki etrabynyň 30-njy orta mekdebinde “Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda sagdyn-durmuş ýörelgesini ündemek, Türkmenistanyň Prezidentiniň №851 belgili “Türkmenistanyň ilatynyň fiziki işjeňligini ýokarlandyrmak barada” karary boýunça işleri geçirmek, wagyz etmek maksady bilen Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň 30-njy orta mekdebiň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda “Saglygym baş baýlygym” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda mekdebiň müdiriniň orunbasary Yhlas Adalakow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni E.Ýoldaşowa, Kerki etrabynyň polisiýa bölüminiň KÝaÝeIBB-niň uly gözegçisi, polisiýanyň kapitany P.Annaýew, Kerki etrap prokurorynyň tälim alyjy kömekçisi Şageldi Ataýew, Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň Kerki etrap bölüminiň wekili Ý.Nejmeddinow çykyş etdiler.
Oýdin AŞIROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Kerki etrap Geňeşiniň sanly ulgam
Boýunça esasy hünärmeni.