Ahalteke bedewleri halkymyzyň asyrlar boýy tebigat bilen sazlaşykly ýaşaýşynyň esasynda döreden ajaýyp tohum aty bolmak bilen ol dünýä medeniýetiniň naýbaşy baýlygy – göwher gaşydyr. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmen alabaýy» eserinde bu barada şeýle ýazýar: «Türkmen aty, halysy, saz gurallary, dutary, şaý-sepleri, alabaý iti, saryja goýny, ak bugdaýy – bular biziň milletimiziň döreden maddy gymmatlyklarynyň esasylary we göze dürtülip duranlarydyr» - diýip örän jaýdar belleýşi ýaly ahalteke bedewleri biziň milli buýsanjymyza öwrüldi.
Parasatly pederlerimiz behişti bedewlerine bolan uçursyz söýgüsini, hormatyny, guwanjyny halk döredijilik eserlerinde, aýdym-sazlarynda, şygyrdyr dessanlarynda ýokary derejede wasp edýär. Söz ussatlary bedewleriň haýran galdyryjy hereketlerini, gözelligini, taýsyzlygyny öz döredijiligine siňdirip, ýaşlar üçin nusgalyk terbiýeçilik mekdebini döredipdirler. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren ata-babalarymyzyň pähim-paýhasy siňen dürdäne sözlerini öz içinde jemleýän “Paýhas çeşmesi” atly kitabynda bedewlerimiz barada birnäçe nakyllardyr atalar sözüniň getirilmegi hem halkymyzyň türkmen ýigidiniň goşa ganatyna deňelen bedewlere bolan söýgüsinden nyşandyr. Bu kitapda “Batyr aty bilen batyr, at batyry bilen at”, “Guş – ganaty bile, ýigit – aty bile”, “Är ýigidiň göwnünde eýerlenen at durar” ýaly ajaýyp nakyllaryň mazmuny munuň şeýledigini aýdyň subut edýär. “Görogly” şadessanynda “Saňa at diýmerin, gardaş diýerin” diýlip, atyň dogana deňelmeginiň çuň manysy bar. Şonuň ýaly-da edebi eserde:
«Gökde guşlar uçabilmez,
Maral ara açabilmez,
Çölde jeren gaçabilmez,
Gyratym girse meýdana»
– diýip, gahrymançylygyň we mertliginiň nusgasy bolan Görogly beg öz Gyratynyň waspyny taryplamagy başarypdyr.
Şeýle-de dünýäni haýrana goýan, üsti Süleýmanyň tagtyna deňelen, ir turup ataňdan soň görlen türkmen bedewi hakynda gürrüň gozgalsa, ilki bilen Göroglynyň uçar ganaty, ýowuz günde ýoldaşy Gyrat, Ata Gowşudowyň “Dordepeli” ýadyňa düşýär.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýiti zehininiň miwesi bolan “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly kitabynda dünýä siwilizasiýasynyň gymmatly genji-hazynasy bolan ahalteke bedewlerimize mynasyp baha berdi. Türkmenler asyrlaryň dowamynda ahalteke bedewlerini ösdürip gelipdirler, olara çaga sereden ýaly seredip, gözleriniň göreji ýaly gorap saklapdyrlar, seýisläpdirler. Olar özleriniň uçar ganaty hasaplan bedewini meşhur wenger syýahatçysy, gündogarşynas A.Wamberiniň belleýşi ýaly “Aýalyndan zyýat, çagasyndan eziz görüpdirler”. Ýigitlerimiz at bilen bile guýlan ýaly, atlarymyz bolsa ýyldyrym ýaly süýnüp, göz açyp-ýumasy salymda gözden ýitipdirler. Talaňçylyga gelen duşmanlar: “olar duýdansyz, salgym ýaly, göze görünýär-de, birdenem gaýyp bolýarlar” diýip haýran galypdyrlar.
Mundan başga-da parasatly pederlerimiz ahalteke bedewleriniň ynsan saglygyny berkitmekdäki ornuna aýratyn ähmiýet berip, ýaş oglanlaryň ussat çapyksuwar, atoglan bolup ýetişmeklerini ündäpdirler. Gahryman Arkadagymyzyň dana paýhasyndan dörän “Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar” atly kitabynda “Sagdyn bolaýyn diýseň bedew mün!” diýip ýazmak bilen, ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekde bedewiň lukmançylyk ähmiýetiniň iňňän ýokarydygyny tekrarlaýar.
Lälezar sähramyza ajaýyp görk berýän, şan-şöhraty rowaýata öwrülen bedewlerimize halkymyz uly ähmiýet berýär. Olara owadandan-owadan at dakýarlar, boýdan-başa sünnälenip edilen şaý-esbaplary bilen bezeýärler.
Halk arasynda at bilen baglanyşykly ganatly jümleler. Meňzetmeler, yrymlardyr ýorgutlar ýüze çykypdyr. “At dosty-ata dosty”, “Aty baryň ganaty bar”, “Andyzlynyň aty ölmez”, “At-myrat”, “Gyz gylykly”, “Gaçan dişiňi atyň ýatagyna gömseň atyňky ýaly sagdyn, owadan dişler çykýar”... ýa-da düýşüňde at görmek, oňa münmek, çapmak oňatlyga ýorulýar, arzuwyňa, myradyňa ýetmek hasaplanýar. Ýagşy arzuw-niýetler bilen atyň naly bosagadan asylýar. Aýdylyşyna görä, Düldüliň toýnagynyň degen topragy, göýä, körleriň gözüni açmaga melhem bolýarmyş. Bu rowaýat “Şasenem-Garyp” dessanynda hem ýatlanýar. Pegas aty poeziýanyň, ylhamyň nyşany hökmünde görülýär.
Watançy serkerde ýelden ýyndam bedewleri «Tagty-Süleýmandyr üsti bedewiň» diýip belentden wasp eden şahyr Seýitnazar Seýdi şabaz bedewiň türkmeniň goç ýigitleriniň köňül syrdaşy, mertebesi, saglygyny berkitmekde hem-de watançylyk söýgüsini joşdurmakda beýik güýçdigini belläp şeýle ýazýar:
«Bedew münen hassa bolsa sag olur,
Çeşmi hyra bolup, keýpi çag olur,
Köňli hup açylan täze bag olur,
Ajap gülüstandyr, üsti bedewiň».
Behişdi bedewlerimiz dünýäde bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak baýlygymyzdyr. Taryhymyzyň ähli döwürlerinde türkmen ýigidi ýyndam bedewi bilen maksat-myradyna ýetipdir, jandan eziz görýän Watany gorapdyrlar. Şoňa görä-de, atalarymyz gerçek ýigidi bedewsiz, şabaz atlary goç ýigitsiz göz öňüne getirilmändir. Olaryň waspy nusgawy şahyrlarymyzyň eserlerinde öz beýanyny tapypdyr.
Dana akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň:
«At gazanar goç ýigidiň,
Owwal bedew aty gerek»
- diýen setirleri munuň şeýledigine güwä geçýär. Merdana ata-babalarymyz ajaýyp ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirip, olaryň özboluşly aýratynlygyny saklamaga, hususan-da, ýüwrükligini, güýçliligini, owadanlygyny artdyrmaga aýratyn ähmiýet beripdirler hem-de bedewleriň şeýle ajaýyplygyny biziň günlerimize ýetiripdirler.
Nusgawy şahyrymyz Gurbandurdy Zeliliniň “Başda bellidir” goşgusyndaky
«At tanatdyrmaz syn bilen,
Ýüwrük ýaryşda bellidir»
- diýen setirleri şabaz bedewleriň ýüwrükliginiň waspyny ýetirýär.
Ýurdumyzda atçylygy ösdürmek bilen birlikde behişdi bedewlerimiziň bezeg esbaplaryny sungat derejesinde kämillige ýetiripdirler. Garaşsyzlyk döwründe bu işi barha güýçlendirmäge, altyn-kümüş şaý-seplere beslenen ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmaga aýratyn üns berilýär. Magrupynyň “Bedew” şygrynda bedewiň waspy şeýle beýan edilýär:
«Kakdyryp nalyn kümüşden,
Iýmiti dürli iýmişden,
Ýüwrüşi artykdyr guşdan,
Bahar öwsen batdyr bedew».
Bedew atlary wasp eden söz ussatlary bir ýa-da iki däl, ýüzlerçe. Olaryň ýene-de biri XII asyrda Köneürgenç türkmenleriniň hökümdary Atsyza we onuň neberelerine hyzmat eden meşhur kätip, beýik söz ussady, şahyr Reşideddin Watwatdyr. Onuň “Resmi hatlar” atly kitabyndaky aşakdaky ýaly setirler ýygy-ýygydan gabat gelýär:
«Atda aýak bolsa – bedew halanar,
Ýagşy adam sözi bilen tanalar».
Görnüşi ýaly, dünýä gymmatlygyna öwrülen, gözelligi bilen göreni haýran galdyrýan ahalteke tohum atlaryny ösdürip ýetişdirmek, olaryň waspyny edebi eserlerde wasp edip, ýaş nesillerde atçylyga bolan söýgüsini artdyrmak döwlet syýasatynyň öňe sürýän wezipeleriniň biridir. Munuň özi behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratynyň dünýä ýüzünde barha belende göterilmegine giň mümkinçilikleri döredýär.
Gülnur REJEPOWA,
“Köneürgenç” taryhy-medeni
döwlet goraghanasynyň hünärmeni.