2023-nji ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, Kerki etrabynyň 1-nji orta mekdebinde 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda okuwyň üznüksizligini gazanmak we olary hünäre ugrukdyrmak maksady bilen, umumybilim edaralaryny tamamlan ýaş oglanlaryň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň giriş synagyna gatnaşmagy üçin bir gezek mümkinçilik döretmek şerti bilen 18 ýaşyny dolduran ýigitleriň harby gulluga çagyryş möhletiniň yza süýşürilişini, daşary döwletlerdäki ýokary okuw mekdeplerine okuwa gitmegiň düzgünlerini düşündirmek maksady bilen “Bilimli ýaşlar buýsanjymyzdyr” atly wagyz-nesihat ýygnagy geçirildi. Wagyz-nesihat ýygnagyň dowamynda Kerki etrabynyň 1-nji orta mekdebiniň müdiri G.Perdäýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça hünärmeni O.Aşirowa, Kerki etrap bilim bölüminiň baş hünärmeni Ş.Şirowa, Kerki etrap prokurorynyň tälim alyjy kömekçisi Ş.Ataýew, Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň Kerki etrap bölüminiň wekili Ö.Çaryýew, Kerki etrap harby wekilligiň wekili B.Çaryýew dagylar çykyş etdiler.
Atajan JORAÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň müdiri.