Ozal hem habar berşimiz ýaly, Arkadag şäheriniň adybir futbol topary düýn ilkinji resmi duşuşygyny geçirdi. Bu duşuşyk toparyň taryhy bilen bagly käbir ilkinjileriň duşuşygy boldy:
― «Arkadag» futbol topary ilkinji resmi duşuşygyny geçirdi;
― Topar ilkinji ýeňşini gazandy;
― Didar Durdyýew «Arkadag» futbol toparynyň resmi duşuşyklardaky ilkinji goluny geçirdi;
― Alibek Abdyrahmanow täze toparyň derwezesine ilkinji pökgini geçiren futbolçy boldy;
― Mekan Saparow toparyň düzüminde eminlerden sary kart gören ilkinji oýunçy boldy.