WAGTYŇ GYMMATY NÄÇE?

Ýylyň manysyna düşünmek üçin gutardyş synaglaryndan geçip bilmedik talyba ýüz tutuň. Bir aýyň gymmatyna düşünmek üçin wagty dolmadyk çaga dogran ene bilen gürleşip görüň.

Hepdäniň gymmatyna düşünmek üçin hepdelik gazetiň redaktory bilen söhbetdeş bolup görüň.

Bir sagadyň gymmatyna düşünmek üçin duşuşyga garaşýan aşyk-magşuga ýüz tutuň.

Bir minutyň gymmatynyň nähilidigini otludan gijä galan kişiden sorap görüň.

Bir sekuntyň gymmatyny ýap-ýaňy bolup biläýjek uly awtomobil heläkçiliginden aman galan kişiden soraň.

Bir millisekuntyň gymmatyna düşünmek üçin Olimpiýa oýunlarynda kümüş medal alan türgene ýüz tutuň

Nanosekunt hakynda kompýuter beýnisiniň taslamaçysyndan soraň.

Ömrüňiziň her bir sekunty — tutuşlygyna altyndyr.

Düýn — eýýäm taryha gitdi. Ertiriň nämeliginem bilen ýok.

Şu gün — uly peşgeş.

Meňzeş habarlar

23 Sentýabr 2024 | 244 okalan

OGUZ HAN WE OGUZ NAMALARY