Döredijilikde döwür bilen aýakdaş gitmek ussatlara, döwürdenem öňe gidip döretmek bolsa, aýratyn ukyply adamlara mahsusdyr. Elbetde Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Serdarymyzyň döwürdenem öňe eziz Watanymyz ösüşlere tarap alyp barýar. Ýurdumyzda halkymyzyň umumy mirasynyň bölegi hökmünde gadymy hünärmentçilik aýawly saklanylýar, olar özboluşly medeni-ahlak häsiýeti özünde jemleýär. Dogrudan-da, bu gün ýaşaýyş-durmuş ýa-da zähmet çekmek üçin gadymy ýönekeý önümlere zerurlyk ýok, ýöne hünärmentçiligiň özi döredijilik bilen meşgullanmagyň görnüşi hökmünde ýaşamagyny dowam edýär. Şoňa görä-de, elde ýasalýan harytlary öndürýän ussalar halk içinde giňden tanalýar, olaryň seýrek hünärleriniň syrlaryny öwrenip, bu işi dowam edýän şägirtleri bar.
Bu ýerde türkmenleriň däp bolan egin-eşikleri we başgaplary, hojalykda ulanýan enjamlarynyň, zähmet gurallarynyň nusgalary hem-de beýlekiler görkezilýär. Bularyň ählisi halkymyzyň milli mirasynyň köpdürliligini beýan etmäge, onuň kalbynyň baýlygyny we zehinini görkezmäge mümkinçilik berdi. Şol gymmatlyklaryň hatarynda atlaryň bezeg şaý-sepleriniň nusgalary bar. Olary taýýarlamaga ussalar uly jogapkärçilik bilen çemeleşip, her bir ownuk zady hem göz öňünde tutýarlar.
Bedew baýramy mynasybetli Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaraly çäreler eziz Diýarymyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda-da geçirildi. Olaryň maksatnamasyna konsertler, sergiler, edebi-sazly we şygryýet agşamlary, ýurdumyzyň atşynaslaryny hem-de seýislerini sarpalamak çäreleri geçirilýär. Türkmen bedewiniň baýramy ýurdumyzda ýokary derejede bellenilip geçilýär. At çapyşyklary — bu çapyksuwarlar üçin uly synag bolup durýar. Atly sport her bir adamdan dogumlylygy, ugurtapyjylygy, tutanýerliligi we atlara bolan çuňňur söýgini, olara düşünmek başarnygyny talap edýär. Dünýä gymmatlyklarynyň naýbaşy nusgasyna öwrülen türkmen bedewleri türkmen halky bilen bilelikde taryhyň gatynda uly orun tapypdyr. Ahalteke bedewleriniň müňýyllyklaryň dowamynda beýik sungat hökmünde kemala gelişi, gylyk-häsiýetleri barada gymmatly maglumatlaryň çeşmesi bolup, türkmen halkynyň buýsançly başyny göge ýetirýän beýik sungat eserleri türkmen halkynyň taryhyna siňýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaby şol maglumatlaryň üstüni ýetirip, behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny tutuş dünýä ýaýdy. Ata-babalarymyz dünýä medeniýetiniň genji-hazynasy bolan ajaýyp bedewlerimizi oňat seýisläp, köpeldip we ganyny arassa saklap, nesillerimize galdyrypdyr. Şonuň üçinem Türkmenistan – behişdi bedewleriň ýurdy hökmünde ir döwürlerden bäri dünýä belli bolan ýurtdyr. Türkmen bedewleriniň owadanlykda, çalasynlykda, duýgurlykda, ukyp- başarnyklarynda deňi-taýy bolmandyr. Türkmen ýigidi bedewine atlanyp, jeňe gideninde, onuň bedewi gerçegiň göwnüne laýyk hereket etmegi başarypdyr. Ýaraga gümra eýesine kynçylyk döretmezlik üçin onuň aty-da haýsy ugra ýykgyn etmeli bolsa göwresini şol ýana ugrukdyrypdyr. Eýesiniň her bir hereketlerine, duýgularyna werziş bolan bedew at onuň sesinden, hereketinden, ýürek urşundan ýagdaýy duýupdyr. Türkmen bedewleriniň dünýä meşhur ajaýyplyklarynyň birine öwrülmeginde türkmen seýisleriniň ähmiýeti örän uludyr. «Mal eýesiniň gözünden suw içermiş» diýlişi ýaly, merdi-merdanalygy, gaýduwsyzlygy, üşükliligi bilen eýesine meňzeýän bedewleri ýetişdirmek üçin seýisler ýadawsyz zähmeti, irginsiz aladalary, ýiti zehini siňdiripdirler. Türkmen halky towsanaklap ýören taýçanakdan älemi baglajak bedew aty, oýnap ýören oglanjykdan ýurt hökümdaryny ýetişdirmegi başarypdyrlar. Türkmen seýisleri «ýüzden ýüwrük, müňden tulpar» diýen pähime eýerip, at sürüleriniň içinden geljekde haýsy taýçanagyň nähili meşhur bolup ýetişjekdigini aýtmagy başarypdyrlar. Taýçanagyň ýa-da atyň reňkine, häsiýetine we beden gurluşynyň aýratynlyklaryna görä onuň nä derejedäki at bolup ýetişjekdigini öňünden bilipdirler. Bedew atlara atlanan watan goragçylary öz atlary bilen mydama türgenleşikde bolupdyrlar. Şonuň üçin hem bedew üstündäki oýunlara has-da kämilleşip, çalasynlyk we çalt pikirlenmek dürli ýagdaýlarda basym çözgüt çykarmagy başarypdyrlar. Türkmen ýigitleri at üstünde ýerine ýetirilýän «Ata bukulma we atly bukulma», «Atly göreş», «Çybyk kesdi», «Altyn gabak», «Syrtmak atma», «At bökdürme», «At agdarma» ýaly türgenleşik häsiýetli oýunlary ussatlyk bilen ýerine ýetiripdirler. Şeýlelik bilen olar söweş endiklerini we başarnyklaryny has-da kämilleşdiripdirler. Hormatly Arkadagymyzyň ýiti zehininden, çuňňur paýhasyndan syzylyp çykan behişdi bedewlerimiz hakyndaky gymmatly eserleri tutuş halkymyz bilen birlikde Watan goragçylary bolan harby talyplaryň taryhymyz we milli gymmatlyklarymyz hakynda bilimleriniň has-da ýokarlanmagynda möhüm gollanma bolup durýar. Çünki bedewler biziň milli buýsanjymyz, uçar ganatymyz hem-de köňül syrdaşymyz bolup türkmen durmuşynyň aýrylmaz bölegidir. Asuda, abadan durmuşy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.
Hoşgeldi ANNAGELDIÝEW,
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň
Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.