Dost agladyp, duşman güldürme.
Dost – dost, mamla – rast.
Dost arasyny söz bozar, ýer-ýurdy – suw.
Dost atan daş baş ýarmaz.
Dost başa gözlär, duşman – aýaga.
Dost başyňa iş düşende tanalar.
Dost – dostuň aýnasy.
Dost geňeşde belli, semiz – ýörişde.
Dosta “bolar” diýme, “ýagşy” diý, duşmana «ýagşy»
diýme, “göreris” diý.
Dosta bereniňi sorama,
Goňşa bereniňi dileme.
Dostsuz başym – duzsuz aşym.
Dostdan sözüň gizleme.
Dost naharyny duşman ýaly iý, duşman naharyndan
asla datma.
Dost – ekiz, duşman – sekiz.
“Dostuň” (duşmanyň) tilki bolsa, gapanyň gurulgy
bolsun.
Dostuň – ýüzüňe, duşmanyň – yzyňa.
Dostuň dost bolsun, hasabyň – dürs.
Dostuň geldi – baýram boldy.
Dostuň müň bolsa-da az, duşmanyň bir bolsa-da köp.
Dostuňa syryňy berme, onuňam özge dosty bar.
Dostuňy saklama – nepden galmasyn,
Duşmanyň saklama – syryň bilmesin.